ABŞ-da Ilon Mask we SpaceX barada serial surata düşüriler

  • 15.10.2020 15:00
  • 4.5k+

HBO kinokompaniýasy Ilon Maskyň hususy kompaniýasy barada mini-serial düşürer diýip, “Deadline” neşiri habar berýär. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

Alty bölümden ybarat taslama Eşli Wensiň “Ilon Mask: Tesla, SpaceX we hyýaly geljegiň gözlegi” atly kitabyna esaslanýar. Taslamanyň sseanrisini Dag Jang (“Banşi”) taýýarlaýar. Prodýuser hökmünde Rid Karolin, Piter Kirnan, Çenning Tatum we HBO Films, Miniseries & Cinemax kompaniýasynyň öňki prezidenti Len Amato çykyş edýär.
Filmde Ýuwaş ummanda ýerleşen uzak bir adada işlemek üçin inženerler toparyny ýygnan Mask hakynda gürrüň beriler. Ol ýerde ilkinji Falcon 9 raketasy gurulýar we ol 2020-nji ýylyň 30-njy maýynda uçurylýar. Kinolentada kompaniýanyň raketa uçuşlarynyň hakyky wideoýazgylary ulanylar.
Maskyň özüniň heniz bu taslama bilen tanyşlygy ýok. Ýöne onuň kompaniýasy Tom Kruz hem-de režissýor Dag Laýman bilen bilelikde kosmosda surata düşüriljek, gyzykly başdan geçirmelerden doly ekşen-filmini döretmek üçin hyzmatdaşlyk edýär.

“SpaceX – bu milliarder-telekeçiniň adamzadyň geljegini köp planetaly ýaşaýyşa öwürmek baradaky ömürlik arzuwynyň esasy bölegi” – diýip, neşir belleýär.

Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň tomsunda SpaceX üstünlikli missiýany amala aşyrdy: NATO-nyň astronawtlary Dug Herli we Bob Benken Crew Dragon kapsulasynyň bortunda Halkara kosmos stansiýasynda iki aý bolanlaryndan soňra, Ýere sag-aman gaýdyp geldiler.

şu gün 06:00
754

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.12 - 14.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar...

düýn 12:18
1.3k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

düýn 12:06
2.7k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

düýn 12:02
1.6k+

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...