Türkmenistanda elektron söwdalar tas 3 esse ýokarlandy

  • 15.10.2020 07:01
  • 8.3k+

Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanda elektron söwdanyň göwrümi 2,8 esse ýokarlandy. Bu barada hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Merdan Annadurdyýew habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere oňyn baha berdi, ýöne şol bir wagtyň özünde senagat we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Baýramgeldi Öwezowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin käýinç yglan etdi.
Döwlet Baştutany başlygyň orunbasaryna sanlylaşdyrma boýunça taslamalaryň üstünde alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi we ilki bilen, munuň üçin zerur bolan infrastrukturany döretmäge üns bermegi tabşyrdy. Ýurduň ähli sebitlerinde ýokary tizlikli we elýeterli internet bolmaly diýip, prezident belledi we ýerine ýetiriliş möhletini görkezmek bilen, degişli işleri ýerine ýetirmegiň anyk meýilnamasyny düzmegi talap etdi.
Dünýäni gurşap alan koronawirus pandemiýasy elektron söwdanyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistanyň ýaşaýjylary hem internet arkaly söwda etmäge başladylar. Muňa hökümetiň howply wirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen öňüni alyş çäreleri hem ýardam etdi.
Döwlet Baştutanynyň sanly infrastrukturany ösdürmek boýunça tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegi diňe bir uly şäherleriň däl, eýsem merkezden uzakdaky ýerleriň ýaşaýjylaryna hem onlaýn söwda hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün eder. Çünki ykdysadyýetiň bu pudagy, ilkinji nobatda, internetiň ösmegi bilen ösýär.
Global tora näçe köp adam elýeterli bolsa, telekeçiler şonça-da önümlerini satyp bilerler. Şeýlelik bilen, hem alyjylar, hem satyjylar peýda görerler. Olara biri-birini amatly, häzirki döwürde bolsa has ygtybarly meýdançada – internetde tapmak ýeňil bolar.

20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......