Göreş boýunça dünýä çempionaty Belgrad şäherinde geçiriler

  • 13.10.2020 23:16
  • 3.8k+

«Halkara göreş federasiýasy (UWW) göreş boýunça dünýä çempionatynyň 12-20-nji dekabr aralygynda Belgradda geçiriljekdigini tassyklady» diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

Milli federasiýalaryň 70%-den gowragynyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim edenlerinden soňra, şeýle karara gelindi. Ýaryşa gatnaşjak ýurtlaryň sanyny Federasiýanyň özi geçen aý kesgitläpdi. Şeýle-de bolsa, bu sanawyň heniz gutarnykly däldigi nygtalýar. Halkara göreş federasiýasynyň indiki maslahaty 6-njy noýabrda geçiriler, onda koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda ýaryşlaryň geçirilişinde göz öňünde tutuljak käbir üýtgeşmeler ara alnyp maslahatlaşylar.

«Türgenlerimiziň, tälimçilerimiziň we işgärlerimiziň howpsuzlygy ilkinji nobatda durýar. Ýaryşyň Serbiýanyň paýtagty Belgradda howpsuz gurşawda geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri göreris» diýip, Bütindünýä göreş federasiýasynyň başlygy Nenad Lalowiç aýtdy.

Bir hepde mundan öň meýilleşdirilen ýetginjekleriň arasynda göreş boýunça dünýä çempionaty bolsa ýaryşa gatnaşyp biljek bäsdeşleriň sany bilen bagly meseleler döränden soňra, goýbolsun edilipdi.

şu gün 14:53
2.1k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
3.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
6.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
7.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....