Aşgabatda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açyldy

  • 11.10.2020 18:46
  • 6.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açyldy.

Häzirki zaman ülňülerine laýyk gurlan bäş gatly merkezi Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy gurdy. Bu merkez 130 adama niýetlenendir. Şol sanda 20 sany çaga, ulularyň 80-si bu ýerde bejergi alyp biler. Galan 30 orun bolsa hirurgiýa we reanimasiýa bölümlerinde ýerleşýär.
Merkez «Tiz kömek» hyzmaty arkaly kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş, barlaghana, reabilitasiýa, endoskopiýa, dezinfeksiýa we stasionar bejeriş bölümlerini hem öz içine alýar. Alty näsaga bir wagtda lukmançylyk amallaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän basyş kameralary hem oturdyldy. Bu kameralar arkaly ýanyk şikeslenmeleri bilen ýüz tutan adamlary iň döwrebap usullar bilen bejermek mümkinçiligi bar.

düýn 23:49
211

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....