Smartfonlaryň bazarynda iň gowy kompaniýalaryň reýtingi neşir edildi

Smartfonlaryň bazarynda iň gowy kompaniýalaryň reýtingi neşir edildi

Visual Captalist agentliginiň hünärmenleriniň geçiren derňew işiniň dowamynda bazarda Samsung we Huawei kompaniýalarynyň öňdebaryjydygy anyklanyldy. Ikinji çärýekde bu kompaniýalarynyň paýy 20%-e barabar boldy. Bu barada runews24.ru habar berýär.

Huawei-niň öňdebaryjylygy, esasan, hytaý bazaryndaky ýokary isleg bilen baglanyşykly, ol ýerde kompaniýanyň paýy 46%-e barabar. Apple korporasiýasy reýtingde üçünji orny eýeleýär, kompaniýanyň paýy 14%-e barabar.
Sanawda Xiaomi, Oppo, Vivo, Lenovo kompaniýalary hem bar. Beýleki öndürijileriň paý derejesi 16%-e barabardyr. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, smartfonlaryň bazarynyň 50%-ini hytaý brendleri eýeleýär.
Ýöne Apple 35% paý bilen simsiz nauşnikleriň bazarynda öňdebaryjy boldy. Üçlüge Xiaomi (10%) we Samsung (6%) kompaniýalary hem girdi. Amerikan kompaniýasy 3% paý bilen akylly sagatlaryň bazarynda hem birinji orunda durýar.
Agentlik operasion ulgamlaryň bazarynda öňdebaryjylaryň reýtingini hem hödürledi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, adamlaryň köpüsi Android smartfonlaryny makul hasaplaýarlar. Ýagny, ulanyjylaryň 74%-i Android operasion ulgamly smartfonlary ulanýarlar. Onuň yzyndan iOS (25%) gelýär.