Aşgabatda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak dabarasy geçirildi

  • 06.10.2020 18:16
  • 7.1k+

Milli Hatyra güni mynasybetli gül goýmak dabarasy şu gün Aşgabatda "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumynda geçirildi.

Bu gün — 6-njy oktýabr 1948-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda şäheri ýer bilen ýegsan edip, parahat ukuda ýatan ýüzlerçe müň adamyň pidalaryna getiren güýçli ýer titremesine gabat geldi. Her ýyl 6-njy oktýabrda Gökdepe galasynyň goragçylary we 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolanlar şeýdip hatyralanylýar.
Toplumdaky ýadygärliklere gül desselerini goýmak dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanynyň adyndan ilkinji gül dessesi 1948-nji ýyldaky Aşgabat pajygasynyň pidalarynyň hormatyna gurlan ýadygärlige goýuldy. Prezident, şeýle hem, rowaýata öwrülen galanyň goragçylarynyň we iň gandöküşikli söweşiň gahrymanlarynyň hatyrasyny hormatlady.
Şeýle hem bu dabara Hökümet agzalary, parlamentiň ýolbaşçylary, ministrlikler we beýleki edaralar, jemgyýetçilik işgärleri, il ýaşululary, Aşgabadyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

şu gün 12:00
770

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
4.2k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1.4k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
1.3k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......