Serdar Berdimuhamedow türkmen elektron önümleriniň nusgalaryny görkezdi

Serdar Berdimuhamedow türkmen elektron önümleriniň nusgalaryny görkezdi

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hasabaty bilen baglylykda, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow milli Liderimize ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, bu ministrlik ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde dürli döwrebap enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça anyk çäreleri görýär. Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň çykarmaga taýýarlanylýan elektron önümleriniň nusgalarynyň görkezilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýerde ölçegi 65 dýuýmly täze smart telewizorlar, iki simkartly öýjükli telefonlar, smartfonlar (smart telefonlar), döwrebap monobloklaryň dürli görnüşleri we kondisionerler, internet ulgamyny paýlaýjylar — routerler, şeýle hem agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerler görkezildi.
Şolaryň önümçiligini giňden ýola goýmak boýunça işleri bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Bu jemgyýet Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň paýly gatnaşmagynda (49 göterim) döredildi.
Hojalyk jemgyýeti eýýäm dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň, ölçegleri 32, 42 we 55 dýuýmly täze smart telewizorlaryň önümçiligini, ýakynda bolsa 65 dýuýmly telewizorlaryň önümçiligini ýola goýdy.
Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri elektron senagatyna degişli önümleriň aýratynlyklary, olaryň önümçiliginde ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada gürrüň berdi. Hususan-da, täze telewizoryň artykmaçlyklary barada aýdyp, ministr onuň kompýuterlere, aragatnaşyk routerlerine we beýleki degişli enjamlara birikdirmek mümkinçiligine eýedigini we onuň bir dolandyryş enjamy arkaly dolandyrylýandygyny habar berdi. Öndürilýän önümleriň aýratynlyklary we görnüşleri baradaky gürrüňi dowam edip, ministr hormatly Prezidentimizden önümçiligi täze ýola goýlan telewizora, kompýutere, ykjam telefonlara we beýleki enjamlara at dakyp bermegini haýyş etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow elektron senagatynyň ösdürilmelidigine we enjamlaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyny şertlendirmek bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen 65 dýuýmly 4 smart telewizora “Älem”, ýurdumyzda öndürilýän monoblok görnüşli kompýutere bolsa “Şowly” diýlip at dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, smart görnüşli telefony “Milli”, öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşini bolsa «Körpe» diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem milli Liderimiz häzirki döwürde işjeň ulanylýan «Internet ulgamyny paýlaýjy» enjamy — routeri «Uçgun», gündelik hojalygyň zerur enjamy bolan agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjamy «Teşne», split görnüşli kondisioneri bolsa «Mylaýym» diýip atlandyrmagy maslahat berdi.