400-den gowrak türkmen hünärmeni COVID-19 şertlerinde işlemek üçin okuw geçdi

  • 03.10.2020 19:05
  • 24k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sebit we ýurt boýunça edaralarynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň goldawy bilen, 432 sany türkmen hünärmeni koronawirus pandemiýasy şertlerinde işlemek üçin taýýarlyk okuwyny geçdiler. Bu barada BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň resmi Instagram sahypasyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Gurama pandemiýa garşy göreşiň çäginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga degişli mysallary we sanlary ýatlap geçdi. Bu görkezijiler ýurduň täze koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmäge taýýarlygynyň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär.
Berlen maglumatlara görä, COVID-19-yň bejergisi we kliniki dolandyryşy boýunça merkezi we sebit derejesinde 187 türkmen lukmany tälim aldy. 188 hünärmen epidemiýa we pandemiýa döwründe, hususan-da, ýokuşma hadysalaryny derňemekde we howply wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni almakda işlemek endiklerini özleşdirdi. Türkmen laboratoriýalarynyň 37 işgäri COVID-19 üçin laboratoriýa gözegçiliginiň amaly taraplary boýunça tälim aldy. ÝHHG-niň we BSGG-niň goldawy bilen, 20 hünärmen pandemiýa şertlerinde barlag-goýberiş nokatlarynda işlemek endiklerini ýokarlandyrdy.
Koronawirus ýokançlygynyň dünýäde ýaýramagynyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan BSGG bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. BSGG-niň baş müdiri Tedros Adan Gebreýesus Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen onlaýn duşuşykda, koronawirusyň we beýleki howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy Türkmenistanda görülýän çäreleriň netijelidigini aýtdy.

düýn 08:29
1.8k+

Täze gözleg: biotiniň ýetmezçiligi düwnük öýjükleriniň ösüşini saklaýar

Lozanna uniwersitetiniň alymlary rak öýjükleriniň ejiz tarapyny salgy berip biljek mehanizmi tapdylar we B7 witamininiň ýetmezçiliginde olaryň käbiriniň ösmek ukybyny ýitirýändigini ýüze çykardylar....

30.04.2026 08:18
2.6k+

Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar....

29.04.2026 15:42
1.1k+

Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze......

26.04.2026 16:11
4k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....