Türkmen alabaýlary hakynda žurnalyň birinji sany çapdan çykdy

  • 02.10.2020 17:31
  • 5.3k+

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy tarapyndan esaslandyrylan «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy.

Täze neşir türkmen alabaýlaryny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de okyjylary şu ýyl döredilen we dünýäniň dürli ýurtlaryndan kinologlary öz hataryna birleşdiren assosiasiýanyň işi bilen tanyşdyrmaga ýardam etmelidir.
Şeýle bolsa-da, ýöriteleşdirilen žurnal diňe bir kinologik häsiýete eýe bolman, eýsem, medeniýeti öwrenmäge hem kömek eder. Çünki onuň wezipesi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde alabaý itlerini aýawly saklamaga we ösdürmäge ýardam etmekden ybaratdyr.
Žurnalyň sahypalaryndan okyjylar baş gahryman, alabaýyň milletiň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatda, türkmenleriň filosofiýasynda eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlary alyp bilerler. Žurnal itşynaslyk boýunça nazaryýet we amaly bölümleri birleşdirýär.
Neşir köpöwüşginli suratlar bilen bezelipdir.

şu gün 06:00
2.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.12 - 14.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar...

düýn 12:18
1.3k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

düýn 12:06
2.8k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

düýn 12:02
1.7k+

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...