Didýe Drogba UEFA-nyň prezidentiniň baýragyny alar

  • 29.09.2020 23:49
  • 8.8k+

Kotdiwuaryň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Didýe Drogba UEFA-nyň prezidentiniň baýragy bilen sylaglanar. Bu barada UEFA-nyň resmi web sahypasyna salgylanyp, matchtv.ru habar berýär.

Drogba baýragy Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiginde guramanyň başlygy Aleksander Çeferiniň elinden alar. UEFA-nyň prezidentiniň baýragy ajaýyp üstünlikler, hünär ussatlygy we ajaýyp şahsy häsiýetler üçin berilýär. Çeferiniň ony futbolda we durmuşda kämillige ymtylyşy üçin öňe tutandygyny bellendi.

- Didýe öz ajaýyp karýerasyndaky üstünlikleri bilen millionlarça futbol janköýerleri üçin gahryman boldy. Ol lider hem-de pioner. Onuň tehnikasyny, güýjüni we futbol üşügini, ilkinji nobatda bolsa, üstünlige bolan tükeniksiz teşneligini ýadymda saklaryn. Bu teşnelik indi futboldan daşarda, özgelere ýardam etmek isleginde özüni görkezýär" -diýip, Çeferin belledi.

Drogba "Le-Man", "Gengam", "Marsel" we "Çelsi" ýaly toparlarda oýnady. Londonlylaryň hatarynda ol 4 gezek iňlis çempionatynda, şeýle hem ýurduň kubogynda we Super kubogynda ýeňiji boldy. Mundan başga-da, 2011/12 möwsüminde Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. Futbolçy öz sport karýerasyny 2018-nji ýylyň dekabrynda tamamlady.
Hüjümçi Kotdiwuaryň milli ýygyndysynda 2002-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli oýnady. Milli ýygyndynyň düzüminde bäş gezek Afrikanyň kubogyna we üç sany dünýä çempionatyna gatnaşdy. Didýe milli ýygyndynyň düzüminde 105 oýun geçirdi we 65 pökgi bilen iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy. Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiginiň 1-nji oktýabrda Ženewada geçiriljekdigini ýatladýarys.

şu gün 15:58
1.1k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 14:40
1k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

şu gün 13:42
2.1k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....