Xiaomi ilkinji 8K ölçegli telewizory tanyşdyrdy

  • 29.09.2020 23:24
  • 9.2k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy 8K ýa-da 7680x4320 piksel rekord ölçegli täze “TV Mi TV Lux Ultra” telewizoryny tanyşdyrdy. Bu barada rg.ru habar berýär.

Diagonallygyna 82 dýuýmlyk ekran 60 Hz (iň häzirki zaman smartfonlarynyň derejesinde) täzeleniş tizligini goldaýar we Mini LED tehnologiýasy arkaly öndürilýär diýip, FoneArena ýazýar.
“Mi TV Lux Ultra” telewizorynyň üýtgeşik aýratynlyklaryndan biri, onuň 5G mobil torlaryna birikmek mümkinçiligidir. Şeýle hem, telewizor “Dolby Vision” we “Dolby Atmos” tehnologiýalaryny hem-de “Patchwall” interfeýsini goldamak bilen, USB we HDMI 2.1 portlary hem-de S/PDIF bilen enjamlaşdyrylandyr.
Mundan başga-da, telewizorda dört ýadroly prosessoryň ýerleşdirilendigi bellenilýär, ýöne onuň haýsy kompaniýanyň önümidigi barada welin maglumat berilmeýär. Häzirlikçe diňe onuň ýokary hillidigi, suratyň üstünde işläp bilýändigi we wideonyň görkezişini has gowulandyrmaga ukyplydygy aýdylýar.

düýn 10:31
5.7k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......