Baýramçylyk günlerinde goşmaça awtobuslar herekete giriziler

  • 25.09.2020 15:34
  • 9.6k+

Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezow Halk Maslahatynyň mejlisini we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi.

Ulag hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin goşmaça awtobuslaryň bölünip berlendigi habar berildi. Şol ulaglar paýtagtymyzda hem-de şäherara ugurlary boýunça hereket eder. Ýolagçylara hyzmat etmek üçin taksileriň sany artdyryldy.
Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek, ony milli teleradiogepleşiklerde bermek boýunça degişli çäreler görüldi.

şu gün 14:07
1.3k+

Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär...

şu gün 14:03
905

“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy

“Melgun Prada geýýär 2” filmi resmi taýdan surata düşürilip başlandy. Filmde öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp geldi. Şeýle-de, olaryň hataryna Kennet Brana goşuldy, ol Miranda Pristliniň adamsynyň keşbini ýerine ýetirer...

şu gün 11:13
1k+

Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär...

şu gün 00:55
780

YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 

YouTube gözlegiň netijelerine AI-niň döreden gysgaça mazmunyny goşýan täze funksiýany synap başlady. Ilkibaşda ol diňe ABŞ-daky ykjam enjamlarda YouTube Premium-yň ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Işledilende gözlegiň netijeleri esasy wideony, beýleki wideolaryň miniatýuralaryny we AI-niň döreden tekst synyny görkezýär...