Hytaý 2060-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny bes eder

  • 24.09.2020 14:01
  • 7.7k+

Hytaý 2060-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyny we eýýäm ýakyn on ýylda parnik gazlarynyň zyňylyşynyň iň ýokary derejesini gazanar. Muny Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde wideo aragatnaşyk arkaly eden çykyşynda mälim etdi diýip, Gazeta.ru habar berýär.

Hytaýyň lideri öz çykyşynda dünýä jemgyýetçiligini koronawirus pandemiýasyndan soň daşky gurşawy dikeltmäge çagyrdy. Klimat boýunça global gepleşikler netije bermänsoň, COP26 klimat konferensiýasy hem 2021-nji ýylyň noýabr aýyna çenli yza süýşürilenden soň, BMG-niň Baş Assambleýasynda bu meselede öňegidişlige garaşýanlar az. Hünärmenleriň pikiriçe, Pekiniň öz üstüne alan bu aýgytly borjy howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm we BMG-niň bütindünýä maýylganlygy boýunça çäreleri güýçlendirmek tagallalaryna täze itergi bermäge ukyply ädim hasaplanylýar.

«Si Szinpiniň 2030-njy ýyla çenli zyňyndylaryň iň ýokary derejesini we 2060-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyny üpjün etmegi juda möhümdir we COP26-a taýýarlyk görülýän döwürde bizde ynam döretmelidir» – diýip, Pariž şertnamasynyň işlenip düzülmeginde möhüm rol oýnan fransuz diplomaty, häzirki wagtda bolsa Ýewropa Howa Gaznasyna ýolbaşçylyk edýän Lourens Tubiana belleýär.

Köpler 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Angliýada geçiriljek Howa konferensiýasyny dünýäni 2015-nji ýyldaky Pariž şertnamasynyň bütindünýä maýylganlygyny howanyň howpsuzlygynyň çägi hasaplanýan 2°C-den pes derejede saklamak maksatlaryna ýetmäge ugrukdyrjak iň soňky mümkinçilikleriň biri hasaplaýar.

şu gün 12:37
568

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
9.2k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....