Alymlar E witamininiň täsin roly barada gürrüň berdiler

Alymlar E witamininiň täsin roly barada gürrüň berdiler

Oregon ştatyndaky Uniwersitetiň (ABŞ) biologlary E witaminiň düwünçek ösüşiniň başlangyç döwründe beýniniň we nerw ulgamynyň emele gelmeginde möhüm rol oýnaýandygyny subut etdiler. Barlaglaryň netijeleri “Scientific Reports” ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Danio balyklarynda geçirilen tejribelerde amerikan alymlary E witamininiň ýetmezçiligi bolan şahs tarapyndan döredilen düwünçeklerde beýniniň we nerw ulgamynyň deformirlenýändigini we doglandan soň olaryň köpüsiniň 24 sagadyň içinde ölýändigini görkezdiler.

“Bu örän geň galdyryjy – olaryň beýnisi E witamininiň ýetmezçiligi sebäpli fiziki taýdan düýpgöter üýtgedi” – diýip, barlag işiniň ýolbaşçysy, Jemgyýetçilik saglygy goraýyş we ynsanperwer ylymlary kollejiniň professory Maret Traber belledi.

E witamini tokoferollaryň we tokotrienollaryň tebigy birleşmeleriniň garyndysydyr. Ol 1922-nji ýylda açyldy. Eýýäm şol wagt alymlar düwünçegiň ösüşi üçin onuň ähmiýetiniň bardygyna düşündiler, sebäbi bu witaminden mahrum bolan alakalarda tohumlandyrma bolup geçmedi ýa-da olar düwünçegi göterip bilmediler.
E witamini ýagda ereýändigi sebäpli, esasan, ýaglarda saklanýar, onuň iň baý çeşmeleri bolsa ösümlik önümleridir: ösümlik ýaglary (soýa, mekgejöwen, günebakar ýagy) we margarinler, ýag ekinleri (hoz we tokaý hozlary, mindal we beýlekiler), çigit (günebakar), däneli ekinleriň şineleri.
E witamininiň 12-18%-i organizme gök önümleriň we miweleriň üsti bilen düşýär. Gök önümleriň arasynda E witamini süýji ýeralmada, tozgada, ysmanakda, sparžada, nohutda, ajybalgazda, kaştanda, brokkolda köp bolýar.