Lukman ukyny kadalaşdyrýan önümleri sanap berdi

  • 21.09.2020 00:02
  • 21k+

Lukman hem-de tele-alypbaryjy Aleksandr Mýasnikow “Rossiýa 1” teleýaýlymynyň efirinde ukynyň hilini ýokarlandyrýan iýmitleri sanap geçdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Gürrüň düzüminde melatonini – beýniniň düýbünde ýerleşýän goza görnüşli mäziň gormonyny saklaýan iýmit barada gidýär.
Melatonin triptofan aminokislotasyndan biohimiki üýtgemeler arkaly öndürilýär.
Melatonin ýetmezçilik edende hünärmen rasiona bu aminokislotany köp mukdarda saklaýan iýmitleri goşmagy maslahat berýär. Şeýle önümlere ýumurtga, ülje, banan, pomidor, hoz, gaty peýnir, bal, zeýtun hem-de brokkol degişlidir.
Melatonin dogry öndürilende gije gan basyşynyň, takmynan, on bäş göterim pese düşýändigi bellenilýär. Bu gormonyň gana ýeterlik derejede barmazlygy arterial gipertoniýa getirip bilýär.
Ýagty şöhle, meselem, gajetlerden gelýän ýagtylyk, melatoniniň derejesini peseldip biler. Ukyny kadalaşdyrmak üçin ukudan dört sagat öň bu gurluşlary ulanmagy bes etmeli. Lukman melatoninli serişdeleri dermanhanalardan satyn alyp bolýandygyny aýdyp, sözüni jemledi.

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......