Lukman 7 sany arzan, ýöne peýdaly önümleri sanap geçdi

  • 22.09.2020 00:10
  • 18k+

Şwesiýaly dietolog we nutrisiolog Kristina Andersson ýedi sany arzan, ýöne peýdaly önümleri sanap geçdi. Sanawy “Svenska Dagbladet” gazetine salgylanmak bilen RIA Nowosti ýetirýär.

Lukman ilki bilen düzüminde köp sanly mikroelementleri we antioksidantlary saklaýan soganyň peýdasyny belläp geçdi.

Sogan mikroblary öldüriji täsire eýe bolup, köp witaminleri hem-de kalsiý, demir we selen ýaly maddalary saklaýar” – diýip, dietolog belledi.

Mundan başga-da, Andersson rasiona kelemi hem goşmagy maslahat berýär. Lukmanyň aýtmagyna görä, gök önümde organizmi rak keselinden goraýan kükürdi öz içine alýan maddalar köp bolýar. Aşgazan näsazlygyndan ejir çekýän adamlar bu önümi çig däl-de, bişirilen görnüşde iýmeli.
Hünärmen ýeralmanyň berhiz iýmiti üçin laýykdygyny belleýär we bu önüme beýleki hünärmenleriň mynasyp baha bermeýändigini hem sözüniň üstüne goşýar.

“Ýeralma, aslynda, her bir kaloriýa hasabynda has gowy üpjün edýän önümleriň sanawynda birinji orunda durýar. Munuň sebäpleriniň biri onuň kaloriýasynyň ýokary däldigi” – diýip, Kristina Andersson hasaplaýar.

Lukman köki miwelileriň hem peýdasyny belläp geçdi. Käşirde, pasternakda we şugundyryň dürli görnüşlerinde minerallar köp bolýar, olar uglewodlaryň we ösümlik süýümleriniň oňat çeşmesidirler.
Däne ýarmasynda (süle) ganyň düzümindäki şekeriň we holesteriniň derejesine oňyn täsir edýän beta-glýukanlar bar.
Kösükliler (noýba, nohut, mekgejöwen) beloklara we minerallara baýdyr. Konserwirlenen noýba özüniň iýmitlik gymmatyny ýitirmeýär, ýöne biraz gymmata düşýär diýip, dietolog belleýär.
Ýumurtga hem ýokumly maddalara örän baý. Onda köp bolmadyk mukdarda adama zerur bolan witaminleriň we minerallaryň tas ählisi bar, şeýle-de onda köp peýdaly ýaglar we antioksidantlar saklanýar, dietolog şu sebäp bilen olary tebigy multiwitaminler diýip atlandyrdy.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......