Pandemiýa döwründe adamlaryň näme üçin göwnüçökgünlige düşýändigi anyklanyldy

  • 22.09.2020 17:40
  • 13k+

Dowam edýän koronawirus pandemiýasy ýaşaýyş we iş şertleriniň düýpgöter üýtgemegi sebäpli ABŞ-nyň ýaşaýjylarynyň arasynda depressiýanyň we stresiň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Beýle netijä Irwinedäki (ABŞ) Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen, netijeleri Amerikanyň “Science Advances” ylmy žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde gelindi. Bu barada TASS habar berýär.

Barlagçylar, ilkinji nobatda, işsizlik, sosial gatnaşyklaryň daralmagy, ýaşaýyş derejesiniň peselmegi, şeýle hem öz saglygyň we durmuşyň bilen bagly gorky ýaly streslere üns berdiler.
Umuman alanyňda, alymlar 2020-nji ýylyň mart aýynyň ahyryndan aprel aýynyň ahyryna çenli ýurduň 6500 ýaşaýjysy bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Birnäçe ilat toparynyň psihologiki ýagdaýy baradaky maglumatlary öz içine alýan ýörite taýýarlanan kompýuter programmasynyň kömegi bilen, alymlar ilkinji gezek pandemiýanyň möwjeýän döwründe ildeşleriniň psihiki saglyk ýagdaýynyň üýtgeýşini öwrenip bildiler.

"Koronawirus ýaýramagy bilen, sorag edilenler ýokary derejeli stres we depressiw näsazlyklaryň bardygyny habar berdiler" - diýip, Kaliforniýa uniwersitetiniň lukmançylyk ylymlarynyň professory, baş awtor Alison Holman nygtaýar.
"Pandemiýa jemgyýetiň ähli gatlaklaryna deň derejede täsir etmeýär. Ilatyň bir kategoriýasy çaltlyk bilen işini, girdejisini ýitirýärdi, maşgalasy we dostlary bilen gatnaşyklary ýaramazlaşýar. Ozal hem az girdeji bilen ýaşaýan we hroniki keselli bolan adamlar ondan-da kyn günleri başdan geçirýärler. Pes hünäri sebäpli şonsuzam az girdejisini ýitiren ýaşlaryň arasynda hem şeýle ýagdaý ýüze çykýar" diýip, Holman belleýär.

Alymlaryň pikiriçe, media faktoryna - telewideniýä, internete, her dürli enjamlara, şeýle hem keseliň ýaýramagyna ünsi çekýän, ýokançlygyň kliniki keşbini we koronawirusyň dürli kynçylyklaryny beýan etmäge aşa köp üns berýän neşirlere stresiň we depressiýanyň döremeginde kiçi bolmadyk orun degişli.
Gözlegiň netijesine görä, koronawirusyň ýaýramagy barada aşa sensasiýa häsiýetli we öte jikme-jik maglumatlar, bu keseliň ilatyň belli bir kategoriýasy üçin howpy, baş alyp çykmaga hiç hili umyt goýmaýan kynçylyklar ähli sosial gatlaklardan bolan adamlaryň psihikasyna ýaramaz täsir edýär.

"Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, adatça, möhüm maglumat çeşmesidir, uly howp abanýan döwürde bu hasam şeýle. Ýöne negatiw maglumatlar aşa köp bolanda, ters täsir etmegi mümkin we stresiň hem-de depressiýanyň, aşa howsalalylygyň ösmegine sebäp bolup biler. Munuň özi koronawirusyň özünden pes bolmadyk lukmançylyk kömegini talap eder" diýip, Kaliforniýa uniwersitetiniň psiholog professory we gözlegiň esasy awtorlarynyň biri Roksan Kohen Silwer belleýär.

"Gözleglerimiz adam ömrüniň şeýle agyr döwürlerinde ilaty saglyk meseleleri boýunça aşa köp maglumatlardan, ýörite lukmançylyk temalaryny aşa jikme-jik beýan etmekden goramagyň zerurdygyny görkezdi. Ýadatmaýan, ýerlikli, sensasiýa elementleri bolmadyk lukmançylyk statistikasy baradaky maglumatlar, wirusa garşy göreş çäreleri psihiki hassalygynyň ösmeginiň öňüni almaga we jemgyýeti sagdynladyrmaga kömek eder" - diýip, professor nygtaýar.

şu gün 17:46
513

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

şu gün 15:54
1.2k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

düýn 07:25
4.6k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.8k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......