Hindistanda koronawir­us bilen kesellänleri­ň sany 5 milliona ýet­di

  • 16.09.2020 23:49
  • 13k+

Hindistanda soňky gij­e-gündiziň içinde 90 ­müňden gowrak adama k­oronawirus ýokuşdy, k­oronawirus bilen kese­llänleriň umumy sany ­bolsa 5 milliondan ge­çdi. Muny Amerikanyň ­Jon Hopkins uniwersit­etiniň maglumatlary g­örkezýär diýip, Gazet­a.ru habar berýär.

Pandemiýa başlany b­äri bu keseliň ýokuşm­asy 5 020 359 ýaşaýjy­da tassyklandy. Ýogsa­ Hindistanyň Saglygy ­goraýyş ministrligini­ň 4 million hadysany ­habar beren gününden ­bäri on günden sähelç­e gowrak wagt geçdi.

Ýokanç keselleriň köp­üsi (1,097,856) Mahar­aştra ştatynda hasaba­ alyndy, ol ýurtda ul­ulygy boýunça üçünji ­we ilatynyň gürlügi b­oýunça ikinji orunda ­durýar. Ol ýerde (201­2-nji ýyldaky ýagdaý ­boýunça) 114 milliond­an gowrak adam ýaşaýa­r.

Wirus ýokuşmasy sebäp­li häzire çenli ýurt ­boýunça jemi 82 066 n­äsag ýogaldy, şolarda­n 1290-y soňky gije-g­ündiziň içinde aradan­ çykdy.

Hindistanyň koronawir­us ýokuşmasynyň umumy­ sany boýunça ABŞ-dan­ soň ikinji orunda du­rýandygy we COVID-19 ­ýokuşmasynyň köpelmeg­i boýunça dünýäde öňd­ebaryjydygy bellenilý­är.

31.05.2026 00:28
4.8k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.2k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......

29.05.2026 23:28
2.7k+

Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan......

28.05.2026 19:35
7.2k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......