Buker baýragynyň gysga sanawy çap edildi

  • 16.09.2020 09:01
  • 3.9k+

2020-nji ýylda Halkara Buker baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy çap edildi. Oňa Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Zimbabweden, Efiopiýadan we Şotlandiýadan jemi 6 ýazyjy girizildi diýip, baýragyň guramaçylary sişenbe güni mälim etdiler. Bu barada Sputnik habar berýär.

«Şu gün - sişenbe güni, 15-nji sentýabrda Daýan Kukyň (ABŞ), Tsitsi Dangarembganyň (Zimbabwe), Awni Doşiniň (ABŞ), Maaza Mengisteniň (Efiopiýa - ABŞ), Duglas Stýuartyň (Şotlandiýa - ABŞ) we Brendon Teýloryň (ABŞ) 2020-nji ýyldaky çeper eserler üçin Buker baýragynyň gysga sanawyndan orun alan alty ýazyjy hökmünde yglan edilendigine begenýäris" - diýlip, guramaçylaryň habarynda aýdylýar.
Gysga sanawa girizilen eserler 162 kitabyň içinden saýlandy. Dalaşgär görkezilen eserlerdäki wakalaryň arasynda bir enäniň howanyň krizisi sebäpli garasöýmeze öwrülen antiutopik şäherde öz gyzyny halas etmek ugrundaky göreşi; garyp düşüp, Zimbabwedäki durmuş hakykatlary bilen ýüzbe-ýüz bolan aýalyň hekaýaty; 1935-nji ýylda Italiýa Efiopiýa çozan wagtynda urşa gatnaşan afrikaly aýallar hakda adaty bolmadyk wakalar bar.
Baýragyň ýeňijisi 17-nji noýabrda yglan ediler. Gysga sanawa girizilen ýazyjylaryň hersi 2500 funt sterling bilen sylaglanar we olara kitabyny ýörite formatda neşir etmek mümkinçiligi berler. Ýeňiji bolsa 50 müň funt alar.
Geçen ýyl çeper eserler üçin Buker baýragy iki ýazyja - Margaret Etwuda («Wesýetler») we Bernardin Ewarista («Gyz, aýal, beýleki») gowşurylypdy.
Buker baýragy 1969-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. 2014-nji ýyla çenli baýraga diňe Beýik Britaniýanyň, Irlandiýanyň we Iňlis arkalaşygynyň ýurtlarynyň raýatlary eýe bolup bilýärdi. 2014-nji ýyldan bäri düzgünler üýtgedi, indi ýazyjylaryň islendik pasport bilen baýrak almaga mümkinçiligi bar. Esasy şert - romanyň iňlis dilinde ýazylmagy we baýragyň gowşurylýan ýylynda Angliýada resmi neşirýat tarapyndan neşir edilmegi.

şu gün 14:08
1.1k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

şu gün 14:06
278

Scorpions rok topary hakynda "Wind Of Change" baýopiginde oýnajak aktýorlar belli boldy

Germaniýanyň Scorpions rok topary barada ýakynda çykjak terjimehal filmiň esasy aktýorlar düzümi yglan edildi diýip, Deadline habar berýär. Toparyň agzalary bolan Rudolf Şenkeriň, Klaus Maýneniň, German Rarebelliň...

şu gün 13:52
369

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

şu gün 13:42
1.8k+

Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy

Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär...