Habib ýarawsyzlyk zerarly Getji bilen söweşe taýýarlygyny togtatdy

  • 13.09.2020 14:26
  • 24k+

Russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedow amerikaly pälwan Jastin Getji bilen boljak söweşiň öňüsyrasynda dişiniň agyrýandygy sebäpli türgenleşigini togtatdy.

Nurmagomedow — Getji duşuşygynyň 24-nji oktýabrda UFC 254 ýaryşynyň çäginde geçirilmegine garaşylýar.

"Taýýarlygym gowy geçip dur. Men eýýäm Abu-Dabä geldim, ýöne heniz türgenleşip bilemok. Dişim agyryp, ýaňagym çişdi. Kakama bagyşlanyp geçirilen ýaryşda hem dişim sebäpli maska ​​geýipdim. Meniň pikirimçe, eýýäm birigün türgenleşigi dowam etdirip başlaryn. Getži bilen söweşe işjeň taýýarlygym iýul aýynda başlanypdy" - diýip, Sport24 Nurmagomedowyň sözlerini getirýär.

Söweşiji mundan beýläkki karýerasy barada-da şeýle diýdi:

"Adamlaryň ýeňişlerimden eýýäm ýadandyklaryna düşünýärin. Bedenim söweşmäge ýarasa, karýeramy tamamlamak barada pikir etmerin. Entek-entekler bäsleşip, öz agramymda iň gowusy bolmagy, agyr ýüklere çydamagy başarjadygymy duýýaryn".

Nurmagomedow garyşyk söweş sungatynda 28 gezek söweşip, olaryň hemmesinde ýeňiş gazandy. 31 ýaşly Getjide bolsa 22 ýeňiş we iki ýeňliş bar.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Nurmagomedow 35 ýaşdan soň ringe çykmaz.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......