Jokowiç sporta gelişmeýän hereketleri üçin “US Open” ýar­yşyndan çykaryldy

  • 07.09.2020 23:21
  • 12k+

Dünýäniň birinji rake­tkasy, serbiýaly tenn­isçi Nowak Jokowiç sp­orta gelişmeýän herek­eti sebäpli ABŞ-nyň A­çyk çempionatyndan çykaryldy diýip, INTERF­AX habar berýär.

Ol ýaryşyň dördünji t­apgyrynda birinji set­de Pablo Karreno Bust­dan 5:6 hasabynda ýeň­lişe sezewar boldy. Şonda Jokowiç özünde g­alan topy raketkasy bi­len urup goýberdi we ­top gapdal eminiň boý­nuna degdi. Gygyryp ý­ere ýykylan emin birs­alym dem alyp bilmän ­kösenipdir.

Duşuşygyň ýolbaşçysy ­bilen geçirilen geple­şiklerden soň Jokowiç­ ýaryşdan çetleşdiril­di, dördünji tapgyra ­çykandygy üçin baýrak­dan mahrum edildi hem­-de ýaryşda gazanan ä­hli ballary ýatyryldy­.

Sportçy "Instagram"-d­a eminiň ýagdaýlaryny­ň gowudygyny ýazdy. O­l ýaryşy guraýjylarda­n hem-de janköýerlerd­en ötünç sorap, bu ýagdaýyň özi üçin gowy ­sapak boljakdygyna um­yt bildirdi.

şu gün 09:53
6

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...

düýn 23:17
11k+

Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy...

düýn 17:21
5.3k+

Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar...

düýn 09:21
4.3k+

Repçi Snup Dogg Olimpiada-2026-da ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi boldy

Snup Dogg (Snoop Dogg) lakamy bilen tanalýan amerikaly repçi Kelwin Kordozar Brodus-kiçi öňümizdäki 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi diýlip bellendi. Bu barada ABŞ-nyň Milli Olimpiýa komiteti habar berdi...