Volkswagen Tesla-nyň yzyndan ýetmäge ýardam etjek meýilnamany işläp düzdi

  • 07.09.2020 19:12
  • 7k+

Häzirki wagtda Tesla amerikan kompaniýasy elektrokarlaryň satuwy boýunça ähli öndürijilerden öňe geçýän dünýäde birinji kompaniýa hasaplanylýar. Ýöne käbir awtoöndürijiler elektrik güýçli gurluşly awtomobiller bilen öz model hatarlarynyň üstüni ýetirmegi dowam etdirýärler. Ýakynda Volkswagen konserninde model hataryny elektrikleşdirmek boýunça meýilnamany doly durmuşa geçirip, Tesla kompaniýasynyň yzyndan ýetmäge we ondan öňe geçmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Bu barada avtovesti.com habar berýär.

Belli bolşy ýaly, dizelgeýtden soň nemes kompaniýasy “ýaşyl awtomobilleri” çykarmagy göz öňünde tutýan täze meýilnamasyny hödürledi. Birinji tapgyrda awtoöndüriji hem gibridleri, hem elektrokarlary çykarar, geljekde bolsa Volkswagen ünsi diňe elektromobillere gönükdirmegi niýet edinýär.
Nemes kompaniýasynyň meýilnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýyla çenli 1,5 milliona çenli elektromobil satmaly, bu bolsa çen bilen Tesla kompaniýasynyň satuw möçberine deňdir.
Konserniň geňeşiniň başlygy Bernd Osterloh «Welt am Sonntag» neşirine beren interwýusynda şeýle belledi:

«Eger-de Tesla 300 müňden 500 müňe çenli awtomobil öndüriljek üç sany kärhanasyny gurýan bolsa, onda biz 900 müňden 1,5 mln awtomobile çenli umumy önümçilik barada gürrüň edýäris. Biz bu görkezijä 2023-nji ýyla çenli ýa-da ondan irräk ýetmegi maksat edinýäris».

Osterloh konserniň islendik brendiniň islendik awtomobilini çykarmaga mümkinçilik berýän modul elektrik herekete getirijisiniň – matrisanyň konserniň esasy üstünligidigini hem belledi.
Şeýle-de, Volkswagen programma üpjünçiligini işläp düzmek meýilnamasynda hem amerikan kompaniýasyndan öňe geçmek isleýär.

şu gün 08:11
776

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......