Çagalar gorag örtüklerini näçe ýaşdan dakynmaly?

  • 04.09.2020 19:02
  • 14k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilelikde jemgyýetçilik ýerlerinde we öýde çagalar üçin gorag örtüklerinden peýdalanmak boýunça maslahatlary taýýarladylar. Bu barada BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.

Örtükleri ulanmak meselesinde çagalaryň ýaşyny göz öňünde tutmak maslahat berilýär: 5 ýaşdan kiçi çagalara örtük dakynmak hökman däl, sebäbi olar gapdaldan kömek bolmasa, olary dogry dakmaga ukyply bolmaýarlar.
12 we ondan ýokary ýaşdaky çagalara ulularyňky ýaly ýagdaýlarda, aýratynam, olarda beýlekilerden bir metrden gowrak fiziki araçägi berjaý etmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda we olaryň ýaşaýan ýa-da bilim alýan ýerlerinde wirusyň ýaýrawy ýokary bolanda dakmak hökmanydyr.
6-11 ýaşyndaky çagalaryň ene-atalaryna aşakda görkezilen şertleri göz öňünde tutmak bilen, howpsuzlyk çäreleriniň zerurlygy barada karara gelmek maslahat berilýär:

  • çaganyň ýaşaýan we bilim alýan ýerinde wirus bilen kesellemek ähtimallygy;
  • çaganyň hemişelik gözegçiliksiz örtügi özbaşdak howpsuz we dogry ulanyp biliş ukyby;
  • örtügi täzesi bilen çalyşmak ýa-da ýuwmak, olary wagtal-wagtal çalşyp durmak mümkinçiligi;
  • çagalara örtügiň dogry dakylyşyny düşündirip bilmek mümkinçiligi;
  • örtügiň dakylmagynyň çaganyň bilimine we psihososial ösüşine täsirini göz öňünde tutmak, muny mugallymlar, ene-atalar, hossarlar ýa-da lukmanlar bilen maslahatlaşmaly;
  • çaganyň kesele ýakyn bolan ulular, meselem, garrylar we keselli adamlar bilen gatnaşygyny.

Ösüşden galan, maýyp ýa-da beýleki mahsus bolan keselli islendik ýaşdaky çagalara örtügi dakmak hökman däl. Bu barada çaganyň ene-atasy, hossary, pedagog ýa-da lukmançylyk işgäri şahsy ýagdaýda karara gelmeli.
Lukmançylyk ýa-da matadan edilen örtükleri saglyk ýagdaýy gowy bolan çagalar dakyp bilýär, ýöne şunuň bilen birlikde ulular matadan örtükleriň çaganyň burnuny, agzyny we eňegini doly derejede ýapmagy üçin dogry ölçegde bolmagyny üpjün etmelidirler.
Mukowissidoz, rak ýa-da immuniteti gowşaklygy ýaly baglanyşykly geçýän keselli çagalar ýörite lukmançylyk örtüklerini dakynmalydyr.
COVID-19 alamatly çagalaryň lukmançylyk örtüklerini diňe jemgyýetçilik ýerlerinde däl-de, eýsem, öýde hem dakmagyny üpjün etmeli. Öý şertlerinde keselli çagadan bir metrden az araçäkde bolýan maşgala agzalary hem örtük dakynmaly. Eger-de maşgalada sagdyn çaga keselli garyndaşyndan bir metrden az araçäkde bolsa, onda ol hem şeýle wagtda lukmançylyk örtügini dakynmalydyr.
Örtük maýyplygyň käbir görnüşlerinde ýa-da sözleýiş sapagynda, ýagny mugallyma okuwçylaryň artikulýasiýasyny görmek gerek bolanda belli bir meseleleri döredip bilýär. Şeýle ýagdaýda BSGG we ÝUNISEF dury ýüz ekranlaryny ulanmagy maslahat berýär, ýöne ekranyň ýüzi doly ýapýandygyna we eňege çenli ýetýändigine üns bermeli. Çagalara şikes ýetmez ýaly ýüz ekranyny dogry dakmagy öwretmeli.

09.04.2026 20:12
7.9k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

09.04.2026 14:53
2.6k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....