ABŞ-da koronawirusyň gaýtadan ýokuşmagynyň ilkinji ýagdaýy hasaba alyndy

  • 29.08.2020 17:43
  • 15k+

Koronawirusyň gaýtadan ýokuşmagynyň ilkinji tassyklanan ýagdaýy ABŞ-da hasaba alyndy, makalanyň deslapky neşiri Newadanyň alymlary tarapyndan çap edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Olaryň sözlerine görä, Newada ştatynyň Reno şäherinden 25 ýaşly bir adam aprel aýynyň ortalarynda COVID-19 üçin položitel synag tabşyrypdyr. Soňra ol sagalypdyr we maý aýynda gaýtadan keselläpdir. Ikinji gezekde kesel has agyr geçipdir. Şol bir wagtyň özünde ol adamyň wirusa garşy antikorlary hem bardy.
Koronawirusyň birnäçe gezek ýokuşyp biljekdigi barada ozal hem birnäçe habar gelip gowşupdy, ýöne bu ýagdaýlar köplenç ýalan položitel synag netijeleri bilen baglanyşyklydy. Koronawirusyň gaýtadan ýokuşmagynyň resmi tassyklanan ýagdaýy juda seýrekdir. Alymlar wirusyň gaýtadan ýokuşmagyna nämäniň sebäp bolup biljekdigi barada heniz gutarnykly netijä gelmediler: wirusyň özümi, anyk bir adamyň immunitet ulgamynyň aýratynlyklarymy ýa-da şu faktorlaryň utgaşmasymy?!
Häzire çenli ABŞ-da 5,9 milliondan gowrak adamda koronawirus ýokuşmasy tassyklandy, 181 müňden gowrak adam bolsa ýogaldy.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....