ABŞ-da koronawirusyň gaýtadan ýokuşmagynyň ilkinji ýagdaýy hasaba alyndy

  • 29.08.2020 17:43
  • 15k+

Koronawirusyň gaýtadan ýokuşmagynyň ilkinji tassyklanan ýagdaýy ABŞ-da hasaba alyndy, makalanyň deslapky neşiri Newadanyň alymlary tarapyndan çap edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Olaryň sözlerine görä, Newada ştatynyň Reno şäherinden 25 ýaşly bir adam aprel aýynyň ortalarynda COVID-19 üçin položitel synag tabşyrypdyr. Soňra ol sagalypdyr we maý aýynda gaýtadan keselläpdir. Ikinji gezekde kesel has agyr geçipdir. Şol bir wagtyň özünde ol adamyň wirusa garşy antikorlary hem bardy.
Koronawirusyň birnäçe gezek ýokuşyp biljekdigi barada ozal hem birnäçe habar gelip gowşupdy, ýöne bu ýagdaýlar köplenç ýalan položitel synag netijeleri bilen baglanyşyklydy. Koronawirusyň gaýtadan ýokuşmagynyň resmi tassyklanan ýagdaýy juda seýrekdir. Alymlar wirusyň gaýtadan ýokuşmagyna nämäniň sebäp bolup biljekdigi barada heniz gutarnykly netijä gelmediler: wirusyň özümi, anyk bir adamyň immunitet ulgamynyň aýratynlyklarymy ýa-da şu faktorlaryň utgaşmasymy?!
Häzire çenli ABŞ-da 5,9 milliondan gowrak adamda koronawirus ýokuşmasy tassyklandy, 181 müňden gowrak adam bolsa ýogaldy.

düýn 10:53
2.3k+

Britaniýada çaga semizligi sebäpli fastfudyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi

Beýik Britaniýada 21:00-a çenli fastfudyň telewizion mahabatyna resmi gadaganlyk we onuň internetde ýerleşdirilmegine doly gadaganlyk hereket edip başlady. Bu çäreler ýurtda çaga semizligine garşy göreşe gönükdirilýär diýip, The Guardian habar berýär...

04.01.2026 22:24
4.4k+

Kümüş nanobölejikleri 2-nji görnüşli süýji keselini bejermekde dermanlardan has täsirli bolup çykdy

Tomsk politehniki uniwersitetiniň (TPU) alymlary kümüş nanobölejikleriniň süýji keseline garşy (antidiabetik) häsiýetlere eýedigini anykladylar. TASS agentliginiň TPU-nyň metbugat gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, olar häzirki wagtda giňden ulanylýan dermanlardan 167 esse az dozada şol bir täsiri görkezýärler...

01.01.2026 18:42
7.4k+

Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy

Nýu-Ýork ştaty birnäçe sosial ulgamlary ulanyjylara olary ulanmagyň psihiki saglyk üçin zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi. Resminama onlaýn-platformalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça has giň halkara tendensiýasynyň bir bölegi boldy...

31.12.2025 08:44
4.1k+

Çiş görkezijisi infarkty çaklamakda holesterinden has takyk netije berdi

Ganyň düzümindäki S-reaktiw belogynyň (SRB) derejesi infarktyň we insultuň ýüze çykmagyny adaty holesterin görkezijilerinden has takyk çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu belogyň görkezýän dowamly çişme ýagdaýy aterosklerozyň ähli tapgyrlarynda esasy orun eýeleýär...