Volkswagen sürüjisiz awtomobilleriniň synagyna başlar

  • 29.08.2020 16:46
  • 6.4k+

Volkswagen nemes awtoöndürijisi Hytaýyň Hefeý şäherinde awtonom awtomobilleriniň synagyna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat gullugy habar berýär. Muny Regnum agentligi ýetirýär.

Ýöne kompaniýada sürüjisiz ulaglaryň synaglarynyň indiki ýylda geçjekdigini nygtadylar. Güýzüň başyndan bolsa Volkswagen Audi E-Tron elektrikleşdirilen adaty ýoldan daşary niýetlenilen awtolaryň synaglaryna girişer. Bu barada konserniň bildirişinde aýdylýar.
Innowasion awtolaryň üstündäki işler Hefeýde JAC kärhanasynyň hünärmenleriniň hemaýat bermegi bilen amal edilýär.
Hytaý şäheriniň hökümeti synaglaryň geçirilmegine gyzyklanma bildirýär, sebäbi awtonom ulaglara geljekde häzirden şeýle ulaglaryň şäheriň we ýurduň ýollarynda peýda bolmagyna taýýar bolmaly bolan alyjylar tarapyndan isleg bildiriler diýip hasaplaýar.
Belläp geçsek, öndüriji şu ýylyň birinji ýarym ýylynyň içinde HHR-de özüniň 1,59 mln ýeňil ulaglaryny satmagy başardy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim azdyr. Umumy alanyňda, geçen ýylda Volkswagen Hytaýyň territoriýasynda 4,23 million ulagy satdy.

şu gün 14:04
3.1k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

düýn 11:18
4.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.2k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......