"KAMAZ" 2021-nji ýylda Türkmenistana 400 sany tehnika iberer

  • 29.08.2020 14:57
  • 11k+

Tatarystan Respublikasynyň "KAMAZ" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti "Türkmenawtoulaglary" agentligi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde 2021-nji ýylda Türkmenistana dürli maksatly 400 sany tehnika iberer. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, Trend habar berdi.

"KAMAZ" häzirki wagtda şertnama esasynda 2020-nji ýyl boýunça enjamlar bilen üpjün etmek işini tamamlaýar.

"Ýerine ýetirilen işi we geljek üçin öňde goýlan maksatlary nazara alyp, Türkmenistan bilen "KAMAZ" AGPJ-niň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga diňe ýokary baha bermek mümkin" - diýip, kompaniýanyň wekili belleýär.

"KAMAZ" kompaniýasy iň soňky gezek iýul aýynda Türkmenistana ýörite ýangyn söndüriji ulaglary iberipdi.
Umuman aýdanyňda, "KAMAZ" AGPJ bilen Türkmenistanyň "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen şertnama laýyklykda, 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli dürli maksatly "KAMAZ" ulaglarynyň 1,982 sanysyny ibermek göz öňünde tutuldy.

şu gün 14:18
877

Tesla elektromobili ilkinji gezek alyjysynyň öýüne özbaşdak bardy

Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Tesla Model Y elektrik awtoulagynyň öz-özüni ilkinji gezek müşderä gowşurandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy...

düýn 19:19
4.3k+

Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy

Toyota RAV4 ýapon krossoweri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy. Ol birinji orundan geçen ýylky lider Tesla Mode Y-ny gysyp çykardy. JATO Dynamics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iki modeliň arasyndaky satuw tapawudy 2 müň awtomobilden gowrak boldy...

düýn 10:57
2.7k+

Volvo XC60 brendiň iň köp satylan modeli boldy. Rekord 30 ýyldan soň üýtgedi

XC60 krossoweri Volvo-nyň taryhynda iň köp satylan modeli boldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, onuň umumy satuwy 2,7 milliondan geçdi. Mundan ozal, rekord Volvo 240 modeline degişlidi. Bu ulag 1993-nji ýylda önümçilikden aýrylypdy we onuň umumy satuwy, takmynan, 2,68 million bolupdy...

29.06.2025 14:39
5.1k+

Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň bazarlary üçin niýetlenen ilkinji krossoweri bolan YU7 modeliniň satuwyna başlady. Elektromobil dürli herekete getiriş ulgamlary we akkumulýatorlary bilen üç görnüşde hödürlenýär. Bahalary 253 500-den 329 900 ýuana çenli aralykda (takmynan, 35400-den 46000 dollara çenli) üýtgeýär...