Germaniýada karantin sebäpli karantine garşy ýygnanyşyklar gadagan edildi

  • 27.08.2020 01:03
  • 7.5k+

Berlinde koronawirusa garşy göreş boýunça hereket edýän düzgünler sebäpli karantine garşy ýygnanyşyklary geçirmeklik gadagan edildi. Bu barada içeri işler boýunça Berliniň senatory Andreas Gaýzel habaryna salgylanyp, ТАSS habar berýär.

«Bu çözgüt ýygnagyň erkinligine garşy gönükdirilmedi, bu ýokanç howpundan goranmak üçin edildi. Häzir pandemiýanyň möwç alýan döwri we keselliler boýunça statistika hem ýokarlanýar» — diýip, ol aýdýar.

Koronawirus çäklendirmelerine garşy soňky uly aksiýa Berlinde 1-nji awgustda geçdi. Oňa 20 müň adam gatnaşdy. Adamlaryň köpüsi bellenilen düzgünlere garşy çykdy we bir ýarym metr araçägi berjaý etmedi. Gaýzel şol ýygnaga gatnaşyjylaryň «düzgünleri bilkastlaýyn bozandyklaryny» belledi.
Häzirki wagtda Germaniýada koronawirus bilen keselleýänleriň sany artýar. Soňky gije-gündizde 1 576 adam keselledi, şeýle depginler GFR-de maýda bellige alyndy. Kesel jemi 236 429 adamda ýüze çykaryldy. Tutuş dünýäde jemi 24 milliondan gowrak keselli bellige alyndy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Nemes alymlary koronawirusyň nähili ýaýraýandygyna düşünmek üçin üç sany konsert geçirdiler

düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......