Nemes alymlary koronawirusyň nähili ýaýraýandygyna düşünmek üçin üç sany konsert geçirdiler

  • 25.08.2020 06:48
  • 14k+

Germaniýada Galle-Wittenberg uniwersitetiniň alymlary koronawirusyň köpçülikleýin çärede nähili ýaýraýandygyny öwrenmek üçin üç sany konserti gurnadylar. Bu barada “Deutsche Welle” telekanaly habar berýär.

Çäreler 22-nji awgustda Leýpsigdäki meýdançada yzly-yzyna geçdi. Olara 2 müň töweregi meýletinçi gatnaşdy — esasanam, sagdyn we howp astyndaky topara girmeýän ýaşlar. Olaryň ählisiniň COVID-19 üçin barlagy otrisatel bolup çykdy. Çärä çagyrylan artist nemes pop-sazandasy Tim Bendsko boldy.
Konsert wagtynda diňleýjileri örtük dakynmaly etdiler we olary adamlaryň köp üýşen ýerini kesgitleýän trekerler bilen üpjün etdiler. Şeýle-de, çärä gatnaşyjylara olaryň haýsy ýerlere köp ýanaşýandyklaryny bilmek üçin fluoressent antiseptigini berdiler.
Her konsert üçin aýratyn ssenariýa ýazyldy. Olaryň birinjisi pandemiýadan öň geçen, ýagny hiç hili koronawirusa garşy çäklendirme bolmadyk konsertleri ýatladýar. Ikinji konsert wagtynda myhmanlar gigiýena çärelerini we sosial araçägi berjaý etmelidiler, üçünji konsertiň çäklerinde guramaçylar tomaşaçylaryň sanyny azaltdylar we olara bir ýarym metr araçägi berjaý etmegi tabşyrdylar.
Indi alnan maglumatlary barlag işini alyp baryjylar matematiki modele girizerler. Tejribäniň netijeleri şu güýzde taýýar bolar. Olaryň kömegi bilen alymlar pandemiýa şertlerinde köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň nähili derejede howpsuzdygyny anyklamaga umyt bildirýärler.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......