Günorta Koreýada has berk karantin çäreleri girizilip bilner

Günorta Koreýada has berk karantin çäreleri girizilip bilner

Koreýa Respublikasy koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin sosial aradaşlygyň has berk çärelerini girizip biler, bu barada premýer ministr Çon Se Gýun Seulda hökümet agzalary bilen duşuşykda mälim etdi. Bu barada rossaprimavera.ru habar berýär.

Ol paýtagtda kesel sanynyň ep-esli ýokarlanýandygyny aýtdy.

«Paýtagt sebitinde keseliň täze ýagdaýlarynyň sany azalanok, üstesine-de, ýokanç ýurduň beýleki sebitlerinde hem ýaýraýar, galyberse-de, bellige alynmadyk ýollar bilen ýaýraýar» – diýip, Çon Se Gýun aýtdy.

Şonuň üçin ol has berk çäklendiriji çäreleri girizmek möhüm diýip hasaplaýar.
«Wirusy saklamak üçin aýratyn gyssagly çäreler gerek» – diýip, premýer ministr sözüniň üstüni ýetirýär.
Bir hepdäniň içinde Günorta Koreýada koronawirus bilen kesellemegiň 100-den gowrak täze ýagdaýy bellige alyndy. Bu, esasan, «Saran çeil» buthanasynyň işi bilen bagly, bu ýerde 700 sany keselli ýüze çykaryldy. Ýurduň hökümeti oňa eýerijileriň aglabasyny barlagdan geçirdi, ýöne buthananyň galan ýüzlerçe dindarlarynyň nirededigi belli däl.
«Saran çeiliň» işi bilen bagly kynçylyk onuň agzalarynyň Seulyň merkezinde ylalaşylmadyk duşuşyga gatnaşandyklarynda jemlenýär. Şunuň bilen baglylykda, hökümet bu çärä gatnaşanlaryň ählisini barlagdan geçmäge çagyrdy. Ýöne dini guramanyň agzalary barlagdan geçmekden birnäçe gezek boýun gaçyrdylar.