Özbegistan $3000-lyk elektromobilleri öndürip başlar

  • 22.08.2020 07:45
  • 16k+

Özbegistanyň Kokand şäherinde ykjam we gymmat bolmadyk elektromobilleri çykarmak boýunça kärhananyň gurluşygy başlandy. Deslapky hasaplamalar boýunça, ulaglaryň bahasy $3 müňe barabar bolar.

Kärhananyň meýdançasy 30 müň inedördül metr töweregine barabar bolar, maýa goýumyň göwrümi bolsa taslamada $30 milliona ýetýär, olardan $24 milliony daşary ýurt maýa goýumlary diýip, «Forbes» žurnalynyň özbek redaksiýasy habar berýär.
«Şaffof omad sanoat» kompaniýasynyň ekologiki taýdan arassa elektrokarlarynyň önümçiligi eýýäm 2021-nji ýylda başlanar. Elektromobiller hem ýerli bazarda, hem daşky bazarlarda satylar.
Neşir Daşkentde 296,4 kWt kuwwatlykly Gün elektrostansiýasyny, şeýle-de elektromobiller we elektrobaýklar üçin zarýad stansiýasyny işe girizmegiň meýilleşdirilýändigini habar berýär.

düýn 01:56
6.4k+

Keyvany "Rolls-Royce Cullinan Series II" modelini täzeçe görnüşde çykardy

Germaniýanyň Keyvany awtobezeg ussahanasy täzelenen «Rolls-Royce Cullinan Series II Black Badge» modeli esasynda «Hayula II-niň» ekstremal wersiýasyny taýýarlady. Awtoulag agressiw aerodinamik obwes bilen enjamlaşdyryldy...

düýn 01:43
2.4k+

BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär

BYD hytaý kompaniýasy 2027-nji ýylda aşa berk (solid-state) akkumulýatorly elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajakdygyny mälim etdi. Täze tehnologiýa bilen ulaglar 1000 km-den gowrak ýol aralygyny geçer hem-de 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanar...

düýn 01:22
4k+

Euro NCAP 2025-nji ýylyň iň ygtybarly 10 awtoulagyny atlandyrdy. Reýtingde 6 sany hytaý modeli bar

Ýewropanyň Euro NCAP kraş-synag birleşigi 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtoulaglarynyň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukdaky modelleriň ýarysyndan gowragy Hytaýyňkydyr. Şeýle hem, sanawda  Tesla, Audi we Polestar bar diýip, Finratings...

10.07.2025 23:56
3.6k+

Volkswagen ID. Buzz-yň dünýä boýunça syýahaty başlandy. Ol Ginnesiň rekordyny goýmaga dalaş edýär

Meşhur awto syýahatçy Raýner Sitlou Volkswagen ID. Buzz elektroweninde dünýä boýunça gezelenje çykdy. Ol syýahatynyň dowamynda 75 ýurda baryp, takmynan 80 müň kilometri geçmegi meýilleşdirýär. Eger syýahat şowly tamamlansa, bu bir ugruň çäginde elektrik ulagynda baryp görlen ýurtlaryň sany boýunça dünýä rekordy bolar...