Özbegistan $3000-lyk elektromobilleri öndürip başlar

  • 22.08.2020 07:45
  • 17k+

Özbegistanyň Kokand şäherinde ykjam we gymmat bolmadyk elektromobilleri çykarmak boýunça kärhananyň gurluşygy başlandy. Deslapky hasaplamalar boýunça, ulaglaryň bahasy $3 müňe barabar bolar.

Kärhananyň meýdançasy 30 müň inedördül metr töweregine barabar bolar, maýa goýumyň göwrümi bolsa taslamada $30 milliona ýetýär, olardan $24 milliony daşary ýurt maýa goýumlary diýip, «Forbes» žurnalynyň özbek redaksiýasy habar berýär.
«Şaffof omad sanoat» kompaniýasynyň ekologiki taýdan arassa elektrokarlarynyň önümçiligi eýýäm 2021-nji ýylda başlanar. Elektromobiller hem ýerli bazarda, hem daşky bazarlarda satylar.
Neşir Daşkentde 296,4 kWt kuwwatlykly Gün elektrostansiýasyny, şeýle-de elektromobiller we elektrobaýklar üçin zarýad stansiýasyny işe girizmegiň meýilleşdirilýändigini habar berýär.

düýn 22:25
1.6k+

Toyota kompaniýasy bZ seriýasynyň sedanlaryny we krossowerini görkezdi

2026-njy ýylyň Pekin awtosalonynda Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kompaniýasy özüniň bZ hataryndan birbada dört sany elektromobili tanyşdyrdy: bZ3 sedanyny, bZ5 liftbegini, bZ3X krossowerini we täze flagman......

düýn 16:04
5.5k+

Täze Lexus ES täzelenen dizaýna we öňküden uly göwrüme eýe boldy

Lexus kompaniýasy Pekin awtosalonynda täzelenen ES 2026 biznes-sedanyny tanyşdyrdy....

düýn 13:03
4.3k+

BMW 2027-nji model ýylynyň täzelenen 7 Series-ni görkezdi. Ol 394 at güýjüne eýe we bahasy 101 000 dollardan başlaýar

BMW kompaniýasy 2027-nji model ýyly üçin flagman 7 Series sedanynyň täzeden işlenen görnüşi bilen resmi taýdan tanyşdyrdy. Onuň bahasy sähel galdyrylyp, uly tehniki we sanly gowulandyrmalar girizilipdir....

düýn 11:53
2.6k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......