COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýy maslahatlaşyldy

  • 21.08.2020 15:38
  • 15k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi.

Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar, onuň dowamynda Merkezi Aziýada COVID-19 pandemiýasy döwründe çagalara talabalaýyk lukmançylyk hyzmatlarynyň üpjün edilmeginiň meseleleri we bu ugurdaky tejribeleriň alşylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň açylyşynda ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Afşan Han, BSGG-niň Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça maksatnamasynyň sebitleýin menejeri Martin Weber hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow dagy çykyş etdiler.
Maslahatyň barşynda çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak ulgamynyň hünärmenleri COVID-19 döwründe çagalara dogry lukmançylyk kömegini bermegiň global, sebit hem-de ýurt boýunça toplanan tejribeleri dogrusynda pikir alyşdylar. Olar hususan-da, täze koronawirus ýokançly çagalaryň, şol sanda hroniki keselleri bolan çagalaryň epidemiologiýasyna we kliniki taýdan ugrukdyrylyşyna, esasy hyzmatlary bermegiň üznüksizligine, çagalar we ýetginjekler üçin izolýasiýanyň netijelerine, pandemiýadan soňra kadaly lukmançylyga geçilişine we mekdeplerde hem-de lukmançylyk edaralarynda iýmitlenmek bilen bagly bolan meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berdiler.

düýn 18:14
3.6k+

ÝUNISEF: dünýäde aşa agramly çagalaryň sany 391 milliona ýetdi

Artykmaç agramy bolan 5 ýaşdan 19 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň sany 2000-nji ýyldan bäri iki esse artyp, 391 milliona ýetdi. Bu barada BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) çagalaryň iýmitleniş ýagdaýyna bagyşlanan täze hasabatynda aýdylýar...

11.09.2025 21:25
10k+

Rak keselini bejermegiň iki täze usuly onkologiýa çemeleşmäni düýpli  özgertmegi wada berýär

Onkologiýada iki täze çemeleşme rak keseliniň bejergisini ep-esli üýtgäp biler. Olar barada The Financial Times gazetinde çap edilen makalada aýdylýar. Birinjisi - radioaktiw izotoplary göni çişlere eltmäge mümkinçilik berýän, Şweýsariýanyň Novartis kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen radioligand bejergisidir...

08.09.2025 17:14
2.6k+

BSGG maýmyn mamasy boýunça adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrdy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy indi maýmyn mamasynyň ýaýrawyny halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý hökmünde görmeýär. Bu barada BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy. Adatdan daşary ýagdaý režimi bir ýyldan gowrak ozal bu ýokanjyň Afrikada ýaýramagy sebäpli adatdan daşary komitetiň görkezmeleri boýunça girizilipdi...

08.09.2025 13:19
2.1k+

Kanada Neuralink beýni çiplerini oturtmak boýunça ABŞ-dan soň ilkinji ýurt boldy

Kanada ABŞ-yň çäginden daşarda Neuralink beýni implantlaryny oturtmak boýunça ilkinji ýurt boldy. Torontodaky uniwersitet hassahanasynda oňurgasy şikes alyp, ysmaz bolan iki näsag pikirleri bilen kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge mümkinçilik berýän implantlary aldy...