Türkmenistan iýuldan bäri Russiýa Federasiýasyndan 7,8 mln dollarlyk dermanlary we ŞGS satyn aldy

  • 18.08.2020 23:35
  • 35k+

Şu ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan 7,8 mln dollarlyk derman serişdelerini we şahsy goranyş serişdelerini satyn aldy. Eksport Tatarystanyň, Moskwanyň we Tambow oblastynyň kärhanalary tarapyndan amala aşyryldy. Bu barada RF-iň senagat we söwda ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Diwenko habar berdi, diýip Golos SNG onlaý-radiosy habar berýär.

Diwenkonyň bellemegine görä, geleşikleriň aglabasy «Roshimzaşita» korporasiýasy», OOO «FarmMedPolis RT», «Tathimfarmpreparaty» PJ, «FarmFirma, Soteks» ÝGPJ, «Tattehmedfarm» GUP kärhanalary bilen baglaşyldy.
Metbugat sekretarynyň nygtaýşy ýaly, Moskwadan Aşgabada 571 müň dollarlyk derman serişdeleri iberildi. Tambow oblastyndan bolsa 30 müň toplum şahsy gorag serişdeleri iberildi.

Ýatladyp geçsek, 2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigine Russiýa Federasiýasynyň derman serişdelerini öndüriji kärhanalaryndan wirusa garşy derman serişdeleriniň zerur bolan möçberini satyn almak boýunça şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......