Ronaldunyň töweregindäkiler «Barselona» bilen bagly gürrüňleri inkär etdiler

  • 14.08.2020 13:45
  • 15k+

Turiniň “Ýuwentusynyň” hüjümçisi Kriştiano Ronaldu klubyny üýtgetmek barada hiç hili gepleşik geçirmeýär diýip, futbolçynyň töweregindäkiler AS ispan neşirine aýtdylar.

Ondan öň, žurnalist Gilýem Balage "Ýuwentusyň" ýylda 31 million ýewro alýan oýunçy bilen şertnamasyndan dynmak isleýändigini aýdypdy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Portugaliýaly oýunçynyň töweregindäkilerden ady görkezilmedik biri: "Bu maglumatlaryň hemmesi ýalan" - diýýär.

Şeýle hem Ronaldunyň we maşgalasynyň Turinde bagtlydygy, futbolçynyň özüniň bolsa şertnamany ahyryna çenli ýerine ýetirmek isleýändigi bellenilýär.
Ronaldu “Ýuwentusda” 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Ol bu toparda iki gezek Italiýanyň çempiony boldy, şeýle hem ýurduň kubogyny aldy.

Öň futbolçynyň agenti Jorj Mendeşiň "PSŽ" we "Barselona" bilen gepleşikleri geçirendigini habar beripdik.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......