Russiýanyň «Sputnik V» sanjymy Braziliýada öndüriler

  • 14.08.2020 14:57
  • 20k+

«Sputnik V» halkara orbitasyna çykýar: Russiýa koronawirusa garşy sanjymy üçin daşary ýurt bazarlaryny açýar we ol Latyn Amerikasyndan başlaýar. Sanjymyň bilelikdäki önümçiligi we ýaýradylmagy barada ylalaşyk Göni maýa goýumyň fondy bilen Braziliýanyň bir ştatynyň arasynda baglaşyldy. Russiýa ähli zerur bolan maglumatlary hem-de tehnologiýalary elýeterli eder. Bu barda 1tv.ru habar berýär.

Kliniki synaglar Braziliýada bir aýyň içinde, önümçilik bolsa indiki ýylda başlar. Russiýanyň bu sanjymyna tutuş dünýä boýunça gyzyklanma bildirilýär. Argentinada hem hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirildi.
«Sputnik» sanjymy baradaky saýt babatda aýdylanda, oňa işe girizilen ilkinji gününden tas 200 ýurduň wekilleri girdiler. Esasan hem, sanjym almaga taýýar bolan adaty adamlar, şeýle-de bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýän kompaniýalar ýüz tutýarlar.

düýn 20:17
3.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......