«PSŽ» soňky minutlarda Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy

  • 13.08.2020 14:13
  • 8.3k+

Düýn Lissabonda Çempionlar ligasynyň «Sekizleriň finaly» başlandy. Munda çärýek final tapgyryndan başlap, her gapma-garşylygyň ýeňijisi bir oýunda kesgitlenilýär.

Birinji çärýek final duşuşygynda «Atalanta» oýnuň 26-njy minudynda Paşaliçiň geçiren goly bilen duşuşygyň iň soňky minutlaryna çenli «PSŽ-den» öňde barýardy. Ýöne parižliler oýny öz peýdasyna tamamlamagy başardy. Tomas Tuheliň şägirtleri oýnuň 90-njy minudynda hasaby deňledi, soňra goşmaça wagtyň üçünji minudynda ýeňiş goluny geçirip, oýnuň netijesini doly kesgitledi. Netijede, oýun 2:1 hasabynda parižliler ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňijilerden gollary Markinýos we Çupo-Moting öz adyna ýazdyrdylar. Gollara degişlilikde Neýmar we Mbappe assist kömegini berdiler.

«Diýseň ajaýyp agşam. Bize juda kyn boldy. «Atalanta» hakykatdanam gowy topar. Umuman aýdanymyzda, gowy oýun boldy. Indi bolsa dynç almak gerek - men gaty ýadadym, ýöne ýeňenimize juda begenýärin» - diýip, «PSŽ-niň» hüjümçisi Neýmar oýundan soň Match teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
«PSŽ» 1995-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýaryşyň ýarym finalyna çykdy, şol ýylda ol bu tapgyrda Italiýanyň ýene bir topary - «Milandan» utulypdy (0: 1, 0: 2).

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......