Türkmenistanyň Prezidenti Amangözel Şagulyýewany 80 ýaş ýubileýi bilen gutlady

  • 11.08.2020 08:50
  • 23k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewany 80 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady.

«Hormatly Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa! Siziň janyňyzyň sag, öý-ojagyňyzyň abadan, galamyňyzyň hemişe ýiti bolmagyny arzuw edýärin!» diýlip, gutlagda bellenilýär.
«Siz uzak ýyllaryň dowamynda edebiýata gulluk edip, kämil eserleriňiz bilen okyjylaryň ynamyny, söze sarpa goýýan halkymyzyň hormatyny-sarpasyny gazanmagy başardyňyz. Edebiýat meýdanynda öz ýoluny tapan şahyr hökmünde ykrar edilmek söz sungaty bilen iş salyşýan adam üçin in belent mertebedir, hormatly derejedir.» diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
«Siziň ýüregiňiziň ýylysyny, yhlas-başarnygyňyzy siňdirip ýazan şygyrlaryňyz, poemalaryňyz Watan hakynda özboluşly aýdym bolup ýaňlanýar. Siz her bir setiriňizi sünnäläp, yhlas siňdirip ýazmak bilen birlikde, döwrüň wakalaryna bada-bat seslenmegi hem başarýarsyňyz.» diýlip gutlagda bellenilýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa okyjylara «Elbukjam», «Men garagumly», «Uzaklarda nazarym», «Söýgi mukamy», «Ak gülleriň — ak ýolum», «Belentligiň asman-zemin arasy», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr», «Göwün otyr Aý içinde» ýaly kitaplary ýetirdi.
Watan öňündäki bitiren hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent derejeler berildi, şeýle-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna we beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.
80 ýaş ýubileýine Amangözel Şagulyýewa «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly täze kitabyny okyjylaryna sowgat etdi.

şu gün 10:10
1k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

şu gün 09:29
833

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

düýn 22:06
673

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
6.6k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....