Burýatiýanyň lukmanlary COVID-19-y anyklamagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Burýatiýanyň lukmanlary COVID-19-y anyklamagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Burýatiýada lukmanlar pnewmoniýany, şol sanda koronawirus alamatlylary emeli intellektiň kömegi bilen anyklamagy öwrendiler diýip, RIA Nowosti Burýatiýa Respublikasynyň hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

«N.A.Semaşko adyndaky respublikan kliniki hassahanasynda medisina enjamlaryny we Sberbankyň emeli intellekt boýunça barlaghanasy tarapyndan taýýarlanylan emeli intellekt modeline ygtyýar berdiler. Indi pnewmoniýany, şol sanda COVID-19-yň alamatlaryny anyklamak işini kompýuter tomografiýasynyň suratlary boýunça lukmançylyk edarasynda emeli intellektiň kömegi bilen geçirmek bolýar» – diýlip, habarda aýdylýar. 

Model hünärmenler tarapyndan bellenilen 10 müň eýesiz KT-suratlarynda öwrenilen neýron ulgamyna esaslanýar. Emeli intellekt netijede sowuklamanyň bardygyny we munuň, ähtimal, COVID-19-dygyny görkezýär. Bu lukmanlara diagnozy çalt we anyk goýmaga kömek edýär. Model bir günde 90%-den ýokary takyklyk bilen 150 barlagy geçirýär. Ýakyn wagtlarda enjamyň mümkinçiligi has giňeldiler, olary mammografik suratlary seljermek, insulty, ýürek-damar we beýleki keselleri anyklamak üçin hem ulanmak bolar.