Türkmenistan — Hytaýa turbageçiriji gazyny ibermekde birinji orunda

  • 30.07.2020 07:46
  • 11k+

Iýun aýynda Russiýa Hytaýa suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) bermekde ABŞ-dan öňe geçdi. Hytaýa turbageçiriji gazyny ibermekde bolsa öňdeligi Türkmenistan eýeleýär. Bu barada HHR-iň Baş gümrük gullugynyň maglumatlaryna hem-de "Bloomberg" agentliginiň habaryna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Iýun aýynda Russiýa HHR-e geçen ýylyň degişli döwründäki 67 müň tonnasyna garşy 396 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gaz iberdi. Şol bir wagtyň özünde, bu babatdaky görkeziji 20,7% ýokarlandy. Iýun aýynda ABŞ-dan suwuklandyrylan tebigy gazynyň importy 340 müň tonna barabar boldy, munuň özi şu ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende, 2,4% köpdür. 2019-njy ýylyň iýun aýynda bolsa ABŞ Hytaýa suwuklandyrylan tebigy gaz ibermedi.
Hasabat aýynda suwuklandyrylan tebigy gazyň iň iri mukdaryny Hytaý Indoneziýadan getirdi: 988 müň tonna. Bu bolsa ýyllyk nukdaýnazardan 2,6 esse we aýda 3,6 esse köpdür. Hytaýyň iýun aýynda suwuklandyrylan tebigy gaz boýunça importy 5,79 million tonna barabar boldy, bu görkeziji bir ýyl ozalkysyndan, takmynan, 29% ýokarydyr.
Şol bir wagtyň özünde, iýun aýynda HHR-e turbageçiriji gazynyň importynyň derejesi pesligine galdy, ol maý aýy bilen deňeşdirilende, 2,7%, ýagny 2,54 million tonna (takmynan, 3 milliard kub metr) azaldy.
Iýun aýynda Hytaý Russiýadan maý aýyna garanyňda, 3,8 göterim artdyrmak bilen, 215 müň tonna turbageçiriji gazyny (takmynan 0,26 milliard kub metr) import edipdi. Hasabat aýynda turbageçiriji gazynyň köpüsi - ýagny 1,61 million tonnasy (takmynan, 2 milliard kub metr) Türkmenistandan getirildi.

şu gün 07:31
1k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

düýn 08:02
4.8k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

18.05.2026 21:15
1.3k+

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 13 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 19 sany geleşik hasaba alyndy....

17.05.2026 15:44
8.7k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....