Türkmenistanyň Adalat ministrligi raýatlaryň ýüzlenýän iň ýörgünli 50 sowalynyň sanawyny düzdi

  • 30.07.2020 00:49
  • 30k+

Türkmenistanyň Adalat ministrligi raýatlaryň isleglerine esaslanyp, iň ýörgünli 50 soragyň sanawyny jogaplary bilen taýýarlady. Sanaw ministrligiň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi diýip, ORIENT habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň raýatlary köplenç maşgala meseleleri - nikalaşmagyň tertibi, ogullyga almagyň, miras almagyň kadalary, çaganyň dogluşyny hasaba almak... bilen gyzyklanýar.
Soragyň gysgaça jogabyndan soň Türkmenistanyň kanunçylygynyň gürrüňi  edilýän mowzuk bilen baglanyşykly maddasynyň (ýa-da birnäçe maddasynyň) dolulygyna ýerleşdirilen salgysy getirilýär. Onuň kömegi bilen raýatlar kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklary we borçlary has doly öwrenip bilerler, şeýle hem olaryň hut öz ýagdaýlary bilen baglanyşykly aýratynlyklary bilen tanşyp bilerler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda, ähli hökümet edaralary öz alyp barýan işleriniň beýany, hödürlenýän hyzmatlaryň sanawy we elektron poçta we telefon arkaly habarlaşmak mümkinçiligi bolan web sahypalaryny açdy. Olaryň hemmesini https://e.gov.tm/ salgysynda  "Turkmenistan online" döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly birleşdirýär.

şu gün 12:18
621

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
1.2k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
815

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
1.5k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...