Alymlar Ýeriň kublardan ybaratdygyny subut etdiler

  • 30.07.2020 00:22
  • 11k+

Platon mamla eken! Pensilwaniýa uniwersitetiniň, Budapeşt Tehnologiýa we ykdysadyýet uniwersitetiniň, şeýle hem Debressen uniwersitetiniň alymlary Ýeriň kublardan ybaratdygy baradaky şeýle netijä geldiler. Bu barada "ScienceDailt"-e salgylanyp, tvbrics.com habar berýär.

Daş pytranda, nähili şekili alar? Bu soraga jogap bermek we Platonyň pikirini tassyklamak maksady bilen, barlagçylar ilki tötänleýin, soňra bolsa gaýta-gaýta iki bölege bölünen geometrik modeli döretdiler, ahyrynda böleklerden bir üýşmek emele geldi.
“Platonyň teoriýasyny ozal bitewi bolan bölekleriň hiç hili boşluksyz birikmegi bilen düşündirilip bolar. Boşluksyz birigýän ýeke-täk köpgyraňlylyk kubdur" - diýip, barlagçylar belleýärler.
Alymlar matematiki çaklamanyň dogrulygyny tebigatda köp dürli daşlary ölçemek bilen  barladylar. Olaryň köpüsi adam tarapyndan döwlen, beýlekileri tebigy güýçleriň täsirinde pytran daşlardy. Ýöne her niçik-de bolsa, olaryň ählisiniň ortaça bölejikleri kubdy.
Dogry, alymlar Ýer ýüzünde "Platonyň kanunynyň" bozulýan ýerini hem tapdylar - bu beýik dik sütünleri bolan Demirgazyk Irlandiýadaky Äpet ýoldur. Alymlar bu kadadan çykmany bazaltyň sowamagynyň adaty bolmadyk hadysasy bilen düşündirýärler.
“On ýagdaýdan dokuzysynda, eger daş döwülse, gysylsa ýa-da kesilse (bu güýçler köplenç birbada bolup geýçär) ortaça kublardan ybarat bolan bölekler alnar. Bu diňe stres ýagdaýynda şeýle bolanok. Ýöne Ýer beýle ýagdaýa kän bir düşüp barmaýar" - diýip, barlagçylar düşündirýärler.

düýn 11:17
2.7k+

Alymlar 200 mln ýyl ozal ýaşan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar

ABŞ-nyň Smitsonow institutynyň işgärleri Petrifaýd-Forest milli seýilgähinde (Arizona ştaty)  209 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen pterozawrlaryň näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Edaranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, tapyndy giçki trias döwrüne degişlidir...

düýn 11:09
2.3k+

Ýapon kompaniýasy beýni tolkunlaryny sungat eserlerine öwürýär

Ýaponiýanyň Brainwave Trading Center kompaniýasy adamlaryň beýnisiniň işjeňligini sungat eserlerine öwrüp başlady diýip, South China Morning Post habar berýär. Tehnologiýa Tokiodaky BWTC Metaverse Store dükanynda oturdyldy...

düýn 11:01
4.1k+

“Ýüzükleriň hökümdary” filminiň režissýory ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyga 15 million dollar goýdy

Täze zelandiýaly režissýor Piter Jekson (“Ýüzükleriň hökümdary” we “Hobbit” trilogiýasy) we onuň hyzmatdaşy Fren Uolş ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyk boýunça taslama 15 million dollar maýa goýdy diýip, Forbes habar berýär...

10.07.2025 20:55
2.1k+

Hytaýda kosmos jümmüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredildi

Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Kosmos jümmüşini öwrenmegiň halkara assosiasiýasy (International Deep Space Exploration Association, IDSEA) resmi taýdan işe başlady. Ol doly derejede bu ugra ünsi gönükdirýän dünýäde ilkinji ylmy gurama boldy...