Dünýäniň iň gymmat brendleriniň reýtingi düzüldi

  • 29.07.2020 23:00
  • 8.7k+

Apple amerikan korporasiýasy dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawyny esaslandyrdy. Muny “Forbes” neşiri tarapyndan düzülen reýtingiň maglumatlary delillendirýär. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Kompaniýanyň bahasynyň 241,2 milliard dollar bilen bahalandyrylandygy we görkezijiniň bir ýylyň içinde 17 göterim artandygy bellenilip geçilýär. Ikinji orunda Google ýerleşdi, kompaniýa 24 göterim ösüş görkezijisi bilen 207,5 milliard dollar diýlip bahalandyryldy.
Reýtingiň üçünji ornuny Microsoft (162,9 milliard), dördünji orny Amazon kompaniýasy (135,4 milliard) eýeledi. Liderleriň bäşliginde Facebook hem (70,3 milliard) ýerleşdi. Bu kompaniýanyň bahasy 64,4 milliard dollar bolan Coca-Cola brendini gysyp çykarandygy bellenilýär. Mundan başga-da, reýtinge Disney, Samsung, Louis Vuitton we McDonald’s brendleri hem girdi. Bir ýyl mundan öň liderleriň onlugyna Toyota markasy hem giripdi, ýöne bu gezek ol bahasynyň 7%-ini ýitirip, 11-nji orny eýeledi. Netflix bir ýylyň içinde 72% iň ýokary ösüşi görkezip, 26-njy orunda ýerleşdi.
Mercedes we BMW awtomobil konsernleri öz orunlaryny ýitirdiler, Nissan bolsa birwagtlar meşhur bolan Hewlett-Packard hem-de Philips brendleri ýaly birinji ýüzlükden doly çykdy. Olaryň ornuny Hennessy we Nintendo meşhur brendleri eýeledi. 
Birinji ýüzlügiň iň meşhur brendleriniň umumy bahasy 21 milliard dollar ýokarlandy, indi olar umumylykda iki ýarym trilliona durýarlar. Brendleriň 50-den gowragy amerikan kompaniýalaryna degişli, 10 brend – Germaniýadan, dokuz – Fransiýadan, Ýaponiýa bilen Şweýsariýa degişlilikde alty we bäş brend degişli.

Geçen ýylyň iýunynda dünýäde iň gymmat kompaniýa — Amazon amerikan kompaniýasy boldy. Onuň bahasy bir ýylyň içinde 315 milliard dollara çenli ýokarlandy. Top 100 Most Valuable Global Brands sanawynyň maglumatlary boýunça, ikinji orunda Apple, üçünji orunda bolsa 2018-nji ýylda lider bolan Google ýerleşipdi.

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......