Türkmen saglygy goraýyş bilermenleriniň Awstriýa saparynyň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 29.07.2020 08:01
  • 23k+

28-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alşyldy.

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşykda IMC Krems amaly ylymlar uniwersiteti bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy gurnamak boýunça Türkmenistandan bilermenler wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna sapary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy.
Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasynyň wajyp ornuna aýratyn üns çekildi, çünki ol parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagy babatynda Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek doly subut edýär.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......