Türkmenistanda ÝOM-lara giriş synaglary dowam edýär

  • 27.07.2020 17:10
  • 24k+

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary Ahal welaýatynda guramaçylykly dowam edýär. Häzirki wagtda giriş synaglary Ak bugdaý we Gökdepe etraplaryndaky bilim ojaklarynda geçirilýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, käbir ýokary okuw mekdepleri boýunça synaglar üstünlikli tamamlandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny agzamak bolar. Agzalan ýokary okuw mekdepleri boýunça giriş synaglary 22 — 25-nji iýulda degişlilikde, Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 28-nji, 16-njy, 27-nji orta mekdeplerde, şeýle-de, welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebinde ady agzalan mekdebe kabul etmek işi 26-njy iýulda tamamlandy.

Şu günler Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdepde Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine, şol etrapdaky 16-njy orta mekdepde I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine okuwa kabul etmek hünäre boýunça synaglar dowam edýär. Ýaşlaryň bilime, ylma we hünäre bolan çuň¬ňur höwesi bu synaglarda has äşgär duýulýar. Munuň özi ýaşlaryň zehinliden-zehinlisine okuwyny ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna giriş synaglary 31-nji iýulda başlap, 3-nji awgustda tamamlanar. Bu giriş synaglary Ak bugdaý etrabyndaky 27-nji, 1-nji, 16-njy, 28-nji orta mekdeplerde, welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçiriler. Ýeri gelende welaýatda agzalan ýokary okuw mekdeplerine girmäge dalaş edýän ýaşlaryň köpdügini bellemek gerek.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girmek üçin resminamalaryny tabşyran ýaşlar 4 — 7-nji awgust aralygynda giriş synaglaryny tabşyrar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet maliýe institutyna, Türkmen döwlet medeniýet institutyna girmäge isleg bildiren ýaşlardan giriş synaglary 13 — 16-njy awgustda kabul ediler.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasy boýunça giriş synaglary 19-njy awgustda geçiriler. Medeniýet ugurlary boýunça bilim berýän orta hünär okuw mekdeplerine, ýagny, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine giriş synaglary 3 — 5-nji awgustda geçiriler. Bu giriş synaglarynyň geçiriljek ýerleri ähli gerekli esbaplar we serişdeler bilen doly üpjün edildi.

Belläp geçsek, 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Ahal welaýaty boýunça ýaşlaryň 9278-si ak mekdepler bilen hoşlaşdy.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek üçin synag tabşyrýan dalaşgärlere täze düzgünler girizildi, ýagny dalaşgärler şahsy gorag serişdelerini ulanmaly we sosial aradaşlygy berjaý etmeli.

25.12.2025 12:29
2.1k+

Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet ders bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen kartografiýa boýunça I internet ders bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşik Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň geodeziýa kafedrasy tarapyndan guraldy...

21.12.2025 23:37
7.3k+

Aşgabatdaky 131-nji orta mekdebiň okuwçysy Russiýada «Ýylyň ýaş alymy — 2025» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldy

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň okuwçysy Muhammetguly Handurdyýew Russiýanyň Penza şäherinde «Ýylyň ýaş alymy — 2025» ady bilen geçirilen XXI halkara ylmy-gözleg bäsleşiginde I orna mynasyp boldy...

20.12.2025 18:32
7k+

Döwlet energetika institutynyň iki talyby Hytaýda nazary mehanika boýunça halkara olimpiadada ýeňiş gazandylar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň iki talyby – Dursunjemal Ataýewa hem-de Mähriban Azadowa 4 – 8-nji dekabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler...

20.12.2025 10:20
3k+

Daşary ýurtly dalaşgärler Hytaýda okamak üçin bitewi giriş synagyny tabşyrmaly bolar

2026-njy ýyldan başlap, Hytaýda bakalawr maksatnamalaryna okuwa girýän daşary ýurtly raýatlar üçin bitewi milli giriş synagy girizilýär. Bu barada Hytaýyň Türkmenistan­daky ilçihanasy Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrligine salgylanyp habar berdi...