Geýts koronawirusdan doly goranmak üçin birnäçe doza sanjym gerek bolar diýip hasaplaýar

  • 24.07.2020 15:22
  • 10k+

Mümkin bolan sanjymyň birnäçe dozasyny sanjyp goýbermek bilen täze görnüşli koronawirus ýokanjyndan doly goragy üpjün edip bolar. Şeýle pikiri Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts CBS teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada ТАSS habar berýär.

“Häzirki wagtda sanjymlaryň hiç biri-de bir dozanyň goýberilmegi bilen täsir etjek ýaly görünmeýär" — diýip, ýokanja garşy göreşe $300 mln sarp eden milliarder hasaplaýar.

Geýts sanjymyň tutuş dünýä boýunça ýaýramagy üçin ählumumy tagallalaryň gerekdigini aýdýar.

“Eger-de siz koronawirusyň ýokuşmagyna doly böwet bermek isleseňiz, onda ählumumy möçberde ilatyň 70-80%-ini gurşap almak gerek. Bu juda uly görkeziji” – diýip, telekeçi belleýär.

2015-nji ýyldan bäri pandemiýa howpy barada duýduryp gelýän Geýts islendik sanjymyň netijeliligi bilen baglylykda “köp nätakyklyklaryň” boljakdygyny boýun aldy, ýöne serişdäniň “wagtyň geçmegi bilen kämilleşjekdigini” hem belledi.

Ol Donald Trampyň ABŞ-da koronawirusdan ölüm derejesiniň beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende pesdigi baradaky beýannamasyny hem tankytlady. “Tas ähli görkezijiler boýunça (ýokanç bilen bagly ýagdaý boýunça) ABŞ iň ýaramazlarynyň biri bolup durýar” – diýip, planetanyň iň baý adamlarynyň biri belleýär. “Düýpli ýalňyşlyklar goýberildi” – diýip, ol täze görnüşli koronawirus ýaýrawyna garşy göreş boýunça hökümetiň hereketleri barada aýtmak bilen, sözüniň üstüni ýetirdi. Geýts ABŞ-da beýleki ýurtlara garanda agyz-burun örtüginiň seýrek dakylýandygyny hem belledi.

Telekeçi özüniň adamlara hamala täze görnüşli koronawirusa garşy göreş hökmünde mikroçipleri girizmekçidigi baradaky gürrüňleri toslamadygyny ýene bir gezek ýalana çykardy. Muňa garamazdan, YouGov sosiologik kompaniýasynyň maglumatlary boýunça, amerikanlaryň 28%-i bu gürrüňlere ynanýarlar. “Hakykat üstün çykmaly – diýip, ol belleýär. — Men adamlar hakykaty bilenlerinden soň, bu gürrüňler ýiter diýip umyt edýärin”.

düýn 20:40
7.4k+

Kairde ýeriň aşak çökmegi sebäpli iki dükan ýer astyna gitdi

Müsürde topragyň duýdansyz çökmegi netijesinde gül we konditer önümleriniň dükanlary ýeriň astyna gitdi. Bu barada Al Arabiya habar berýär. Waka Kairiň Et-Tagammoa sebitindäki awtoulag ýangyç bekediniň golaýynda bolup geçdi...

düýn 14:51
6k+

Alymlar 7 müň ýyl ozal gülzarlyk bolan Saharada ýaşan nabelli adamlaryň yzlaryny tapdylar

Halkara alymlar topary Saharanyň heniz otluk lälezar döwründe ýaşan adamlaryň doly genomyny açdylar. Genomlar Liwiýanyň günorta-günbataryndaky Takarkori gaýa penahanasynda galyndylary tapylan iki aýala degişlidir...

31.01.2026 22:40
4.7k+

Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy

Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir...

31.01.2026 19:26
15k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär...