Asus dünýäde iň kuwwatly smartfony çykardy

  • 24.07.2020 15:16
  • 10k+

Asus kompaniýasy ROG Phone 3 geýmer smartfonuny hödürledi. Dewaýs Qualcomm-dan önümçilik prosesine we oýun aksessuarlaryny göterijilige eýe boldy diýip, GSMArena neşiri habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Enjam 2340 x 1080 piksel ygtyýarly 6,59 dýuým AMOLED-ekrany hem-de 144 gers iň ýokary täzeleme ýygylygy bilen çykdy. Smartfon Snapdragon 865+ çibine we 16 gigabaýta çenli operatiw ýada eýe boldy, şol sebäpli ol dünýäde iň kuwwatly smartfon diýlip hasaplanylýar. Dewaýs UFS 3.1 standartynda 512 gigabaýta çenli içki ýat bilen jemlenýär.
Gurluşyň yzky panelinde 8K-wideony düşürme mümkinçilikli 64, 13 we 5 megapiksel ygtyýarly obýektiw bilen üç bölekli kamera ýerleşen. ROG Phone 3 30 watt çalt zarýadlanma bilen 600 milliamper/sag sygymly akkumulýatora eýe. Öndüriji smartfony özüňe görä sazlap boljakdygyny belleýär, ulanyjy ekranyň täzeleme ýygylygyny, çibiň iş ýygylygyny, zarýad almanyň tizligini, fiziki oýun düwmeleri sazlap bilýär.
ROG Phone 3 ýörite oýun aksessuarlaryny göterýär. Esasanam, gurluşa enjamyň korpusyny, takmynan, 4 gradus sowadýan AeroActive Cooler 3 ykjam sowadyjy gurluşyny birikdirmek bolýar. Smartfon gözegçilik ediji gurluşy hem göterýär.

düýn 22:31
2.8k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

düýn 18:36
637

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.2k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 11:15
2.5k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......