Netflix kompaniýanyň taryhynda iň gymmat filmi çykarar

  • 18.07.2020 23:37
  • 10k+

Netflix striming hyzmaty kompaniýanyň taryhynda iň gymmat boljak filmi çykarar. Bu barada kulturomania.ru habar berýär. Mark Griniň romanynyň esasynda döredilen lenta “Çal adam” (“Серый человек”) ady bilen çykar. Kartina bilen “Ar alyjylar: Final” (“Мстители: Финал”) filminiň meşhur seriýalarynyň režissýorlary Entoni we Jo Russo meşgullanar. Ssenariýaçylar bolup Kristofer Markus bilen Stiwen Makfili çykyş eder. Filme Raýan Gosling, şeýle-de Marvel-de Kapitan Amerikanyň roly boýunça belli bolan Kris Ewans gatnaşar. Filmi düşürmek işiniň Los-Anjelesde başlamagyna garaşylýar, häzirki wagtda ABŞ-nyň çäginden daşary ýerlerde düşüriljekdigi hem bellenilýär. Filmiň býujeti 200 million dollara barabar bolar.

“Çal adamyň” merkezinde Goslingiň ýerine ýetirmeginde Jentri bilen MGE (Merkezi gözleg edarasy) boýunça onuň ozalky kärdeşi, halkara gözlege berlen Lloýd Hanseniň arasyndaky ölümli dueliň taryhy açylar. Lloýd Hanseniň roluny Ewans ýerine ýetirer.
“Çal adam” kitap bazarynda bestsellere öwrüldi, şonuň üçin Netflix baş roly Goslingiň ýerine ýetirjek filminiň tutuş seriýasyny döretmegi göz öňünde tutýar. Taslamanyň ideýasy birnäçe ýyl mundan öň taýýarlanyldy, şonda Goslinga derek baş rola Bred Pitt göz öňünde tutuldy, ýöne taslama togtadyldy. Muňa garamazdan, doganlar Russo bu ideýanyň üstünde işlemegi dowam etdirdiler.
Jo Russo häzirki wagtda tutuş toparyň seriýanyň birinji filminiň üstündäki işde ünsi jemländiklerini aýdýar, sebäbi film onuň dowamyny düşürmäge mümkinçilik bolar ýaly üstünlik gazanmaly. Täze taslama, bellenilip geçilişi ýaly, striming hyzmatynyň taryhynda iň göwrümli taslama bolar.
Mundan başga-da, doganlar Russo Mohsin Hamidiň “Günbatara çykalga” (“Выход на Запад”) romanyny ekranlaşdyrmagyň üstünde işleýärler, ol hem Netflix-da çykmaly. Taslamanyň prodýuserçilik işi bilen AGBO kompaniýasy, şeýle-de ABŞ-nyň eks-prezidenti Barak Obama bilen onuň aýaly Mişeliň Higher Ground kompaniýasy meşgullanýar.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....