Aşgabatda BSGG-niň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça brifing

  • 15.07.2020 18:35
  • 27k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekiliýeti Söwda-senagat palatasynyň binasynda başlanan brifingde Türkmenistana saparynyň netijelerini yglan eder diýip, ORIENT habar berýär.

Bu çärä Aşgabatda akkreditlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň, saglygy goraýyş pudagynyň we ýurduň beýleki edaralarynyňýolbaşçylary, şeýle hem türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşýar.
Brifingde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmeni, wekiliýetiň başlygy Katrin Smolwud we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow we Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Reşit Meredow çykyş eder.

şu gün 20:17
1.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.2k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......