Angliýa 5G ulgamynda Huawei enjamlaryndan ýüz öwrer

  • 14.07.2020 23:40
  • 4.4k+

2027-nji ýyla çenli Iňlis Hökümeti 5G ulgamlaryndaky Huawei enjamlarynyň hemmesini doly çalyşmagy meýilleşdirýär.
Angliýanyň hökümeti milli aragatnaşyk infrastrukturasynda Hytaýyň Huawei kompaniýasynyň enjamlaryndan ýüz öwürmekçi. Bu barada sişenbe güni Angliýanyň Sanly tehnologiýa, medeniýet, metbugat we sport ministri Oliwer Dauden mälim etdi diýip, tass.ru habar berýär.

"Şu gün irden premýer-ministr Boris Jonson Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisine başlyklyk etdi, oňa gatnaşanlar Milli Kiberhowpsuzlyk Merkeziniň tekliplerini, iňlis biznesine täsirini we geostrategiki pikirleri üns merkezine aldylar. Hökümet Milli Kiberhowpsuzlyk Merkeziniň çaklamalary bilen ylalaşýar we torlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň iň gowy ýoly - 5G ulgamy ornaşdyrylanda, täze Huawei aragatnaşyk operatorynyň täze enjamlaryny ulanmakdan ýüz öwürmek" - diýip, ministr belleýär.
Daudeniň pikiriçe, ýylyň ahyryndan başlap, iňlis aragatnaşyk operatorlary 5G enjamyny Huawei-den satyn almaz. Şeýle hem ol 2027-nji ýyla çenli Angliýada 5G ulgamlaryndaky ähli Huawei enjamlarynyň çalşyljakdygyny nygtady.

20.06.2026 14:57
6.6k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....